Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gijigen hususylaşdyrma


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 9-njy aprelde geçiren hökümet maslahatynda ýaşaýyş jaý gaznasyndaky jaýlary hususylaşdyrmagyň we ýaşaýyş jaý biržasyny döretmegiň programmasynyň üstünde işlemek we bu ugurda zerur işleriň geçirilmegi hem teklipleriň hödürlenmegi hakynda görkezme berdi.

“Ýaşaýyş jaýlarynyň hususy eýeçilige berilmegi we biržanyň döredilmegi ýurduň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklaryna geçirmegiň çäklerinde ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

«Hiçden giç ýagşy»


Kanadada ýaşaýan türkmen biznesmeni Muhammet Düýeji döwlet eýeçiligindäki jaýlary hususylaşdyrmagyň Türkmenistanda 20 ýyl yza çekilendigini we munuň ýurduň ykdysadyýetine zyýan bolandygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, prezident Berdimuhamedowyň «hiçden giç ýagşy» edip şeýle karara gelmegini gutlamak gerek.

Türkmen prezidenti jaýlary hususylaşdyrmagy dikeltmek barada ilkinji gezek geçen ýylyň başynda gürrüň gozgapdy.

Aslynda döwlet eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak ozalky sowet respublikalarynyň aglabasynda, şol sanda Orsýetde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda başlanypdy.

Bu çäre, ykdysatçylaryň köpüsiniň pikirine görä, bazar ykdysadyýetine geçmegi tizleşdirmäge, sowet döwründe bütin ömri işlän, emma tasdan hiç bir emlägi bolmadyk adamlaryň, iň bolmanda öz ýaşap oturan jaýlaryna eýe bolmagyna şert döretmelidi.

Ýöne Türkmenistanyň öňki prezidenti S.Nyýazow dürli zatlary, şol sanda hususylaşdyrmakda-da ýol berlen bidüzgünçilikleri sebäp hökmünde görkezip, jaýlaryň hususylaşdyrylmagyny togtatdy.

Hukuk meselelerini öwrenýän aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew jaýlaryň hususy eýeçilige berilmeginiň togtadylmagynyň ýalňyşlyk bolandygyny aýdýar: «Russiýa Federasiýasynyň basyşy, gysyşy esasynda Nyýazow Orsýete göçýändigi baradaky durumy, statusy bolan adamlara jaýlaryny hususylaşdyrmaga we satmaga rugsat etdi”.

Onuň pikirine görä,bu ýagdaý raýatlaryň hususylaşdyrma meselesinde ala tutulmagyna we bu meselede para-peşgeşiň has-da köpelmegine getirdi.

Ozalky baş prokuror Gurbanbibi Atajanowanyň öz döwründe döwlet telewideniýesinde eşitdirilen sözlerinden belli bolşuna görä, Türkmenistanda uly wezipeli döwlet işgärleriniň arasynda korrupsiýa giň ýaýran we bu ýagdaý käbir adamlaryň elinde 10-20 jaýyň, 20-30 maşynyň toplanmagyna getirdi.

Şol bir wagtda raýatlaryň köpüsinde bir otagly jaý hem ýok. Munuň üstesine, häkimiýetleriň meýline, islegine görä planlaşdyrylýan köp sanly täze gurluşyklar ilatyň ýaşap oturan jaýlarynyň ýykylmagyna sebäp bolýar. Şu we beýleki bir topar faktorlaryň birikmesi netijesinde Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynyň bahasynyň barha gymmatlaýandygyny aýdýarlar.

Adalatlylyk nädip üpjün edilmeli?


Žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň pikirine görä, hususylaşdyrmany adalatly geçirmek üçin bu barada ýörite kanunyň kabul edilmegi gerek.

“Şol kanunda jaýlary hususlyşdarmak bilen bagly ähli düzgün-kadalar ilik-düwme beýan edilmeli” diýip, Baýryýew aýdýar. “Hususylaşdyrma döwlet gullukçylarynyň ygtyýaryna berilse, ýa-da olar hususylaşdyrmanyň düzgünlerini kesgitlemeli edilse, bu ýerde ýene adalatsyzlyk we korrupsiýa köpeler. Ondan ötri, jaýlaryň öz eýelerine kanun esasynda berilmegi üçin, olar prokuraturanyň we jemgyýetçiligiň berk gözegçiligi astynda, açyklyk hem aýanlyk şertlerinde hususylaşdyrylmaly”.

Türkmenistanda jaýlary hususylaşdyrmak boýunça 1990-njy ýyllaryň başynda edilen synanyşykda hususylaşdyrylýan jaýyň eýesi şol jaýda 15 ýyl ýaşan bolmaly diýen düzgün bardy. A. Baýryýewiň pikirine görä, bu hili çäklendirmeler bolsa, ýene bu ýagdaýdan öz hususy bähbidi üçin peýdalanjak resmiler tapylar we korrupsiýanyň köpelmegine ýol açylar.

Kanadada ýaşaýan türkmen aktiwisti M.Düýeji öňki gezek hususylaşdyrma boýunça komissiýa döredilmeginiň we bir topar şert goýulmagynyň sebäbini şol wagt täze salnan we ilata mugt berlen jaýlaryň bolmagy bilen düşündirýär. Ýöne ol soňky 10-15 ýylda hökümet tarapyndan mugt jaý bermegiň tasdan galandygyny aýdýar.

«Arkaçgurluşyk” öz salan jaýlaryny ilata satýardy we şu sebäpden ilatyň ýaşap oturan jaýlarynyň hemmesi şu wagt 10-15 ýyl ýaşalan jaýlar, şoň üçin ol jaýlara baha kesmän, ýaşap oturan adamlara mugtuna berimeli» diýip, Düýeji aýdýar. Ol munuň üçin prezidentiň bir karar çykarmagynyň, soňra ol kararyň parlamentde kanun görnüşinde tassyklanmagynyň ýeterlik boljakdygyny hem sözüniň üstüne goşýar.

Emma žurnalist A.Baýryýewiň pikiriçe, jaýlary hususy eýeçilige bermek üçin kararam çykarylmaly däl, permanam, eýse Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak hakyndaky kanun kabul edilmeli.
XS
SM
MD
LG