Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň saglygy saklaýyşyna baha berilýär


“Serhetsiz lukmanlar” guramasy “Türkmenistan: Saglygy saklaýyş sistemasynyndaky ýapyklyk” atly hasabatyny çap edip, 12-nji aprelde Moskwada metbugat konferensiýasyny geçirdi.

10 ýylyň dowamynda Türkemenistanda işlän, medisina ugrundan Türkmenistanda resmi hasaba alnan hökümete degişli bolmadyk ýeke-täk gurama bolan “Serhetsiz lukmanlar” 2009-njy ýylyň dekabr aýynda Tükmenistandaky programmalaryny ýapdy.

Guramanyň medisina boýunça müdiri Lesli Şanks “Serhetsiz lukmanlar” guramasyna Türkmenistandan gaýtmak kararynyň agyr düşenligini aýtdy. Onuň bellemegine görä, Türkmenistanda 10 ýylyň dowamynda işlän guramanyň programmalaryny ýapmak kararyna gelinmegine onuň işiniň ýurtda gitdigiçe çäklendirilmegi we guramanyň inçekeseli derman bilen bejeriş programmasynyň türkmen hökümeti tarapyndan ret edilmegi sebäp boldy.

“Ýardama mätäç däl”


“Ençeme aýlap dowam eden agyr gepleşiklerden soň, türkmen tarapy kömegimize mätäç däldigini bize açyk aýtdy” diýip, L.Şanks aýtdy.

“Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň ýaýradan täze hasabaty guramanyň Türkmenistandaky tejribelerine we ýurduň saglygy saklaýyş sistemasynyň ýagdaýyna bagyşlanýar.

Guramanyň hasabatyny çap etmek bilen bagly maksady Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasyndaky problemalara türkmen hökümetiniň we halkara jemgyýetçiliginiň üsüni çekmekden we ýagdaýy düzetmek boýunça çäreleriň görülmegini ündemekden ybarat.

Lesli Şanks hasabaty ýaýratmagyň öň ýanynda “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň türkmen häkimiýetleri bilen gepleşik geçirip, öz garaýyşlaryny türkmen tarapynyň dykgatyna ýetirenligini, emma gepleşlikler aktiw geçse-de, häzirlikçe netije bermänligini belledi.

Saglygy saklaýyş sistemasy we hökümet tarapyndan üns berilmeýän türkmen halkynyň halkara guramalarynyň goldawyndan hem mahrum galýanlygy, “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň Moskwada geçiren metbugat konferensiýasynda bellenildi.

Goşa standart

Guramanyň ýaýradan hasabatyna görä, Türkmenistanda işleýän BMG-niň Bütindünýä Saglyk Guramasy we UNICEF Çagalar fondy ýaly halkara guramalary hem Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasyndaky problemalaryň dowam etmeginde rol oýnaýarlar.

“Bu rol Türkmenistnyň hakyky sanlary ýaşyrmak bilen bagly hereketlerine, hökümetiň yglan edýän netijesiz hem köplenç howply çärelerine göz ýummakdan ybarat” diýip, Lesli Şanks aýtdy.

“Serhetsiz lukmanlar” gurmasynyň wekili Lesli Şanks Türkmenistanyň resmi derejede yglan edýän sanlarynyň hakykata gabat gelmeýänligini, wada berýän çäreleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilmeýänligini aýtdy. Hususan-da, “Dünýä saglyk guramasynyň” “Çaga kesellerini bejermek boýunça programmasynyň” iş ýüzünde ýurtda işlemeýänligine “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň şaýat bolanlygyny mysal hökmünde belledi.

Türkmenistanda gan guýmak çäreleriniň maksada laýyk we talaba görä geçirilmeýänligini, munuň üçin gan tabşyrýanlaryň WIÇ/AIDS we beýleki keseller boýunça barlanmaýanlygyny, ýurtda ýokanç keselleriň inçekesel, WIÇ/ AIDS, jyns taýdan geçýän keselleriň, bruselýozyň we gepatitiň öňüni almak we bejermek bilen bagly zerur çäreleriň görülmeýänligini, hakyky statistikanyň ýöredilmeýänligini Lesli Şanks aýtdy.

“Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň Türkmenistandan gaýtmagynyň yz ýany, il içinde guramanyň ýurda köne dermanlary we hili pes gurallary getirmek ýaly kemçilikleri barada käbir çaklanmalar peýda bolupdy.

Lesli Şanks “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň halkara medisina topary hökmünde abraýyly gurama bolup, onuň öz programmalary üçin satyn alyp ulanýan dermanlaryna hil taýdan uly talaplaryň edilýänligini, guramanyň alyp barýan işi boýunça ähli informasiýanyň köpçülik üçin açyklygyny aýtdy.

Teklipler berilýär

“Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň hasabatynda Türkmenistanyň saglygy saklaýyşynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin teklipler berilýär.

Türkmenistanda halkara bilermenleriň gatnaşmagynda inçekeseli tiz anyklamak we bejermek boýunça sistemany girizmegiň, gan almak we gan guýmak bilen bagly ýagdaýy anyklamagyň, ganyň gepatit, WIÇ/AIDS ýaly howply keseller boýunça barlanmagynyň ähmiýeti “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň hasabatynda nygtalýar.

Guramanyň öňe sürýän ýene bir teklibi Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryna gönükdirilip, türkmen hökümeti tarapyndan berilýän gapma-garşylykly sanlaryň halkara guramlary tarapyndan kabul edilmeli däldigi bellenýär.

Lesli Şanksyň sözlerine görä, “Serhetsiz lukmanlar” Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasynyň ýagdaýy baradaky öz aladalaryny beýan etmegi, ýurtdaky ýagdaýlar barada BMG-niň Bütindünýä Saglyk Guramasy we UNICEF Çagalar fondy ýaly halkara guramalar bilen gepleşik geçirmegini we olary dymmazlyga çagyrmagyny dowam etdirmekçi.
XS
SM
MD
LG