Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylda Holokostyň pidalarynyň hatyrasy tutulýar


Ysraýylda Holokostyň pidalarynyň hatyrasy tutulýar. Ikinji jahan urşy wagty 6 million ýewreý öldürildi. Tutuş ýurt boýunça iki minutlyk dymmak yglan edilip, sirena signaly berildi.

Hatyra güni hepdäniň ýekşenbe güni agşam Iýerusalimdäki Holokost memorial merkezinde başlandy. Oňa Ysraýyl ýolbaşçylary, Holokosty başdan geçiren adamlar hem olaryň garyndaşlary gatnaşdy.

Şu gün Polşadaky nasistleriň Oswensim ölüm merkezinde diri galanlaryň ýyllyk ýörişi bolar. Oňa däp boýunça müňlerçe ýewreý gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG