Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kurmanbek Bakyýewi tutmak barada karar kabul edildi


Oppozisiýa liderleri tarapyndan düzülen Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti prezident Kurmanbek Bakyýewi tutmak barada syýasy karar kabul etdi.

“Fergana.ru” internet saýty Baş prokuroryň wezipesini ýerine ýetiriji Baýtemir Ibraewiň öňki goranmak ministrine, öňki howpsuzlyk gullugynyň baştutanyna gözleg yglan edendigi baraky sözlerini ýerdeşdiripdir.

Olara adam öldürmekde gaýybana günä bildirilýär. Täze hökümet 82 adamyň ölüminiň jogapkärçiligini şolaryň üstüne ýükleýär.

Gyrgyzystanda kadrlar meselesi boýunça wagtlaýyn hökümetiň ilkinji görkezmeleri peýda boldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň beren maglumatyna görä, goranmak ministri wezipesine Ysmaýyl Ishakow, içeri işler ministri wezipesine Bolat Şirnýazow, hökümet başlygynyň birinji orunbasarlygyna Almazbek Atambaýew bellenipdir.

Wagtlaýyn hökümetiň başlygy Roza Otunbaýewa Gyrgyzystanyň ençeme ýurtdaky, şol sanda Orsýetdäki we ABŞ-daky ilçilerini wezipesinden boşatdy.

Häzir ýurduň günortasynda bolýan Gyrgyzystanyň prezidenti Kurmanbek Bakyýew Jelalabadda mitingde çykyş edip, Bişkekde bolan bidüzgünçilikleriň hem adam pidalarynyň tutuş jogapkärçiligini oppozisiýanyň üstüne atdy. Ol demonstrasiýaçylary atmaga buýruk bermändigini aýdyp, eger täze häkimiýetler özüni tutmaga synanyşyk etse, köp gan döküljekdigini duýdurdy.

Mundan öň Roza Otunbaýewa Bakyýewiň garşysyna hiç hili zorluk ulanylmajakdygyny “Roýter” agentligine aýdypdy.
XS
SM
MD
LG