Sepleriň elýeterliligi

Biz aram-aram Orsýet telewideniýesinden berilýän - sud seljermeleri hakdaky gepleşiklere tomaşa edýäris. Aklawçylar adam öldürenleri-de aklap, sud jogapkärçiliginden alyp galýarlar. Beýle zat Türkmenistanyň taryhynda ýüz ýylyň dowamynda-da bolmandy. Indem bolar öýdemzok. Sebäbi Türkmenistanyň kadrlarynyň ýurduň aglaba pudagynda gowşak bolşy ýaly, bu gowşaklyk aklawçylar meselesinde-de ýiti bildirýär.

Aklawçylar ownujak iş üçinem halkdan ummasyz pul alýarlar. Olaryň iň bir kiçijik işe gatyşmagy üçinem pesinden üç ýüz dollar tölemeli. Soňra işiň dowamlylygyna görä, ol pul müň, iki müň amerikan dollaryna çenli ösüp gidýär.

Bizde «Aklawçylar hökman jenaýatkäri jenaýat jogapkärçiliginden boşatmaly» diýen pikir ýok. Olar bigünä adamlaryň günäsiniň ýoklugyny subut etmek üçinem yhlas edip baranoklar. Aklawçylar diňe sud mejlisinde oturyp gaýtmak bilen öz işlerini dogry berjaý edýändirin öýdýärler. Sebäbi olaryň köpüsi wakany derňemegi başaranoklar. Diňe bolan wakany gürrüň bermek bilen oňýarlar. Aklawçylar günäsizligi görnüp duran kişini-de jenaýat jogapkärçiliginden alyp galyp bilenoklar. Şonuň üçin soňky döwürler Türkmenistanda garşysyna jenaýat işi gozgalýan adamlaryň hossarlary aklawçy tutmakdan ýüz öwürýärler.

Aklawçylar ilkinji derňew izolýatorlaryna aýlanýarlar hem-de täze ele düşenleriň hossarlaryna jaň edip, özleriniň hyzmatyny hödürleýärler. Şundan soň olar alan jenaýat işi tamamlanýança, şonuň ugrunda bolmaly. Türkmen aklawçylary welin beýle däl. Olar bir bada ençeme jenaýat işlerini derňemegi boýun alýarlar hem-de olaryň ählisiniň ugrunda tasaýarlar, şunuň netijesinde-de hiç bir işe-de haýryny degrip bilenoklar.

Aklawçylar şeýle bolansoň, iki taraplaýyn dawa ýüze çykanda haýsy tarapyň tanşy güýçli bolsa, haýsy tarapyň jübüsi galyň bolsa, şol tarap ýeňiş gazanýar. Sud mejlisinde aklawçynyň roly bildirmeýär. Şeýle-de bolsa, jenaýat jogapkärçiligine çekilýäne hökman aklawçy tutmalydygy, aklawçysyz sud mejlisini geçirip bolmaýandygyny aýdyp, adamlary aklawçy tutmaga mejbur edýärler.

Aklawçylyk, garalawçylyk käri gadymyýetde türkmenlerde bolmandyr. Dawa-jenjel ýüze çykanda türkmenler ony kazynyň üsti bilen çözüpdirler. Sudýanyň, aklawçynyň, prokuroryň ýerini diňe kazy—ýagny sudýa tutupdyr. Ähli dawaly zady şol çözüpdir. Kazy nähili çözgüt çykarsa, şol hem kabul edilipdir.

Kazylaryň gadymyýetde hem parahor adamlar bolandygy, olaryň garyp-gasarlaryň işine seredende ýalan çözgütleri çykarandygy hakda halk döredijiliginde hem-de öňki ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginde beýan edilýär.

Diýsem kazylar kärini,
Aýdyp bolmaz-la ýaryny,
Ýalan sözleriň baryny
Satarsyňyz pula, kazym
- diýip, türkmen satirik şahyry Mämmetweli Kemine öz goşgularynda ýazypdyr.

Kemine bilen kazy hakda halk hem şeýle degişmäni döredipdir:
Kemine bir gün bir baý bilen dawalaşypdyr-da, öz işini dogry çözüp bermegi haýyş edip, kaza ýüz tutpdyr hem-de işiň öz tarapyna çözüleri ýaly, kaza bir gapyny para hökmünde beripdir. Baý bolsa kaza işi öz tarapyna çözüp bermegi haýyş edip, bir öküz beripdir. Kazy işi öküz beren baýyň haýryna çözüpdir. Şonda molla Kemine kaza özüniň gapy berenini ýatladyp: «Kazy aga, gapa tarap bakyp gepläweri» diýipdir. Kazy bolsa: «Wah, men gapa tarap bakyp geplejek-le, ýöne gapyny öküz ýykdy-da» diýipdir.

Ine, şunuň ýaly, gadym döwürden bäri kazylaryň arasynda ýörgünli bolan parahorluk biziň döwrümizde-de beýgelmese peselenok. Para bilen, basyş bilen, tanyşlyk bilen işi düzedýän kazylara - sudýalara aklawçylar hiç hili täsirini ýetirip bilmeýärler. Şonuň üçinem aklawçylar sud mejlisinde diňe garantga ýaly bolup oturyp gaýdýarlar.

Sud işleri, sudýanyň, prokuroryň, aklawçynyň käri Türkmenistana Orsýediň türkmen topragyny basyp almagynyň netijesinde, soňra bolsa türkmen topragynda sowet hökümetiniň gurulmagynyň netijesinde döredi.

Aklawçylyk kärini ele almak üçin ýokary okuw jaýynyň hukuk fakultetini tamamlamaly. Aklawçylaryň köpüsi sud mejlisinde türkmençe gepläp, türkmençe garşylyknama ýazmagy-da başarmaýarlar.

Adamlary Türkmenistanda Alla aklaýmasa, aklawçylar-a aklap bilenok.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG