Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina aşa baýlaşdyrylan urany weýran eder


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç ýurduň aşa baýlaşdyrylan uranynyň weýran ediljekdigini aýtdy. Bu maddadan ýadro ýaraglaryny öndürmek üçin hem peýdalanylyp bilinýär.

“Ukraina ýadro ýaraglaryň ýaýradylmagynyň öňüni almak boýunça inisiatiwa goşulmak barada karara geldi. Şunlukda, biz aşa baýlaşdyrylan uranyň deregine az baýlaşdyrylan urany ulanarys. Örän gysga wagtyň içinde aşa baýlaşdyrylan uranymyzyň ählisi Ukraindan alnyp gidiler” diýip, Ýanukowiç aýtdy.

Ýanukowiç bu baradaky pikirini ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen ilkinji gezek duşuşandan soň, düýn Waşingtonda öňe sürdi.

Ady agzalýan liderler Waşingtonda geçirilýän ýadro howpsuzlygy boýunça sammitiň çäginde duşuşdylar.
XS
SM
MD
LG