Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakyýew garşydaşlaryny pikir alyşmaga çagyrdy


Gyrgyzystanyň prezidenti Kurmanbek Bakyýew “eger garşydaşlarym meniň bilen gepleşikler geçirmek isleýän bolsa, olar duşuşmaga gelsinler” diýdi. Oppozisiýa Bakyýewiň häkimiýetiniň agdarylanlygyny aýdýar.

Bakyýew düýn öz dogduk mekany bolan Týitde habarçylaryň öňünde eden çykyşynda özüniň Gyrgyzystanyň kanuny prezidentidigini aýdyp, öz garşydaşlary bilen gepleşikler geçirmäge-de taýýardygyny belledi.

“Men gepleşikleriň geçirilmegine taýýar. Biz netije gazanmak üçin stoluň başyna geçip gepleşiklere başlamaly. Eger wagtlaýyn hökümetiň başyndaky adamlar Gyrgyzystanyň ilaty, ýurduň ösüşi we onuň geljegi barada pikir edýän bolsalar, olar meniň bilen aragatnaşyk gursunlar. Men olar bilen gepleşikler geçirmäge taýýar. Men bu pikirimi düýnem orta atdym, bu günem gaýtalaýaryn, men taýýar. Men olara garaşýaryn. Hökümete ýolbaşçylyk edýän Otunbaýewa meniň bilen aragatnaşyk gursun. Men gepleşikler geçirmäge taýýar” diýip, Bakyýew aýtdy.

Wagtlaýyn hökümet 7-nji aprelde Bişkekde bolan çaknyşyklardan soň Bakyýewiň wezipesinden çekilmegini talap edýär.

Howpsuzlyk güýçleri bilen protestçileriň arasynda bolan şol çaknyşyklarda azyndan 81 adam heläk bolupdy. Bakyýew şol heläkçilikler boýunça hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

Bakyýew düýn öz obasynda ýüzlerçe tarapdarlarynyň öňünde çykyş etdi. Onuň tarapdarlarynyň şu gün Jalalabatda ýygnanşýandygy habar berilýär.

Şeýle hem Birleşen Ştatlaryň uly derejeli resmisi geçiş hökümeti bilen duşuşmak üçin Gyrgyzystana ugraýar.

Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýk geçiş hökümetiniň lideri Roza Otunbaýewa we beýlekiler bilen duşuşar.

Ol bu ýere prezident Kurmanbek Bakyýew geçen hepde oppozisiýa bilen bolan ganly çaknyşykdan soň gaçaly bäri baran iň uly amerikan diplomaty bolar.

Bleýk Birleşen Ştatlar öz-özüni jar eden hökümeti formal taýdan ykrar etmedi, ýöne ol häkimiýeti döwlet agdarylyşygy esasynda aldy diýip hasaplamaýar diýdi.

Bleýk Bakyýew bilen duşuşmak planynyň ýokdugyny hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG