Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenbaşy şäherinde täze aeroport ulanyşa girizildi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji aprelde Türkmenbaşyda täze aeroport bilen bir hatarda, käbir beýleki binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşanlygy habar berilýär.

Associated Press habar agentligi şol gurluşyklaryň açylyşynyň 12-nji aprelde bolanlygyny we bu desgalaryň gurulmagyna azyndan 600 million dollar çykdajy edilenligini habar berýär.

Berdimuhamedow açylyş dabarasynda eden çykyşynda bu aeroportyň işe girizilmegi bilen Türkmenbaşynyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda geçelge merkezine öwrüljekdigini belledi.

Bu dabara sebäpli ýygnanan ýerli ýaşulular we ýurduň beýleki ýerlerinden gelen aksakgallar prezidente halk üçin gurýan binalary üçin alkyş aýtdylar. Prezident olaryň alkyşyny kabul edip, bu işleri halk üçin edýändigini aýtdy.

Türkmenistan Hazaryň kenarynda gurulýan “Awaza” zonasynyň döredilmegi üçin jemi 7 milliard amerikan dollaryna barabar çykdajy eder.
XS
SM
MD
LG