Sepleriň elýeterliligi

Eýran: «Tähran ýadro konferensiýasyna 15 döwlet gatnaşar»


Eýran 17-18-nji aprelde Tähranda boljak ýadro konferensiýasyna 15 ýurduň daşary işler ministrleriniň gatnaşjagyny aýdýar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Ramin Mehmanparast konferensiýa gatnaşjak döwletleriň atlaryny aýtmady.

Tähran konferensiýasy Waşingtondaky ýokary derejeli ýadro howpsuzlygy sammitiniň yzysüre geçýär. Ol sammite dünýäniň 50 çemesi ýurdunyň liderleri gatnaşdy.

Birleşen Ştatlar tarapyndan gizlin ýadro ýaragany edinjek bolmakda aýyplanýan Eýran ol sammite gatnaşmady.
XS
SM
MD
LG