Sepleriň elýeterliligi

Päkistan anti-hindi toparlaryna çäre görjegini aýdýar


Päkistanyň premýer ministri ekstremistleriň öz ýurduny Hindistana garşy hüjüm etmek üçin ulanmagyna çydamajagyny aýtdy.

Premýer ministr Ýusuf Raza Gilani prezident Barak Obamanyň ýekşenbe güni bolan duşuşukda Päkistanda ýerleşýän Laşkare-Taiba toparynyň meselesini gozgandygyny tassyk etdi.

Gilani Päkistanyň eýýäm käbir ekstremist toparlary gadagan edendigini we olaryň bank hasaplaryny doňdurandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG