Sepleriň elýeterliligi

Polýak prezidentiniň aýalynyň jesedi Warşawa getirildi


Mariýa Kaçinskanyň jesedi şu gün Warşawa getirilip, adamsynyň, prezident Leh Kaçinskiniň jesediniň ýanynda goýuldy.

Olar şenbe güni Orsýetde, Smolenskiniň golaýynda uçar heläkçiligine uçran 94 adamyň arasyndady.

Orsýetiň Saglyk ministrligi bu hadysada ölenleriň tas ýarsynyň jesediniň anyklanandygyny aýtdy.

Kaçinski hem onuň aýaly şu hepdäniň aýagynda jaýlanýar.
XS
SM
MD
LG