Sepleriň elýeterliligi

Bakyýewe günüň ahyryna çenli wagt berildi


Gyrgyzystanyň geçiş hökümeti şu gün prezident Kurmanbek Bakyýewiň günüň ahyryna çenli tabyn bolmalydygyny, ýogsam oňa hüjüm ediljekdigini aýtdy.

Bakyýew 7-nji aprelde esgerler protestçileri oka tutandan soň Jalalabada gaçdy.

Bu waka netijesinde 80-den gowrak adam öldi. Geçiş hökümetiniň howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary Azymbek Beknazarow şu gün Bakyýewiň prezidentlik eldegrilmesizliginiň aýrylandygyny aýtdy.

«Ozalky prezidentiň garşysyna jenaýat işi açyldy. Eger ol şu günki ýygnakdan soň gelmese, ýörite gulluklar ony tussag etmegiň ugruna çykar» diýip Beknazarow aýtdy.

Kurmanbek Bakyýew Jalalabatda öz goldawyna geçirilen ýygnanyşyk mahalynda oppozisiýanyň hereketlerini ykrar etmeýändigini aýtdy.

«Men Gyrgyzystanyň halky tarapyndan saýlandym we şu sebäpden geçiş hökümetiniň karary bikanun» diýip Bakyýew aýtdy.
XS
SM
MD
LG