Sepleriň elýeterliligi

Ban Merkezi Aziýa demokratiýa yşaratyny gönderýär


Ban Ki Mun adam hukuklarynyň goralmagynyň Birleşen Milletler Guramasynyň düýp prinsipidigini özüniň Orta Aziýanyň bäş döwletiniň ýolbaşçylaryna göni ýetirendigini aýdýar.

Ol şeýle hem bu ýolbaşçylara demokratiýanyň dabaralanmagy üçin kanun häkimligine daýanýan berk graždan jemgyýetiniň, adam hukuklary we söz azatlygynyň hormatlanmagynyň zerurdygyny aýtdy.

“Men regionyň ýolbaşçylaryny halkara adam hukuklary kanunlaryny, özleriniň gol çeken beýleki şertnamalaryny ýerine ýetirmeklige çagyrdym. Şeýle hem olary Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary Geňeşiniň berýän ündewlerini doly ýerine ýetirmeklige çagyrdym” diýip, Ban aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Orta Aziýa saparynda baryp gaýdan iki ýurdy – Türkmenistan bilen Özbegistan dünýäde adam hukuklaryny depgileýän iň ýaramaz ýurtlar bolup durýarlar. Şol sebäpden hem adam hukuklary guramalary Baş sekretary bu iki ýurduň bu hereketlerini ýiti ýazgarmaklyga çagyrdylar.

Bişkekde bolup gaýtdy

Ban Ki Mun gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň agdarylmazyndan iki gün öň Bişkekde bolup gaýtdy. Ban bu ýerde hem ýagdaýy ýakyndan yzarlaýandygyny, özüniň ýörite wekili Ýan Kubişiň ýaňy Bişkege gidenligini bildirdi.

“Ol Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri we beýlekiler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän ähli taraplar bilen duşuşypdyr. Maksat gyrgyz halkynyň isleg-arzuwlaryny hormatlap, ýurtda kanuny tertip-düzgüni ornatmak we saklamak” diýip, Ban Ki Mun aýtdy.

Gowuşýan habarlarda aýdylyşyna görä, täze hökümet Gyrgyzystanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň birnäçisini, şol sanda Birleşen Ştatlardaky ilçi Zamira Sydykowa bilen Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik ilçi Nurbek Jeenbaýywy wezipeden boşadypdyr.

Ýöne Gyrgyzystanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky delegasiýasyna degişli bir zenan Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna Jeenbaýywyň häzirem Gyrgyzystana wekilçilik edýänligini aýtdy.

Suw we energiýa


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Orta Aziýa ýolbaşçylary bilen geçiren gepleşiklerinde bu bäş döwletiň hemmesi üçin aşa möhüm mesele bolan tebigy resurslara, ilkinji nobatda hem suwa we energiýa üns berilendini aýtdy: “Her ýyl dartgynlylyk döreýär. Özbegistanda Aral deňzine baranymda gämileriň çägä batyp, tozap ýatandygyny gördüm. Bu dartgynlylyklary dialog we gepleşikler arkaly dostlukly çözmek ýeke regionyň ýolbaşçylarynyň däl, eýse halkara arkalaşynyň hem wezipesidir”.

Aral deňzinden daşgary Täjigistan bilen Özbegistanyň arasyndaky suw dawasy hem regionyň durnuklylygyna howp salýar. Täjigistan Rogun bendiniň gurluşygyny tamamlajakdygyny aýdýar. Özbegistan hem muňa garşy. Ol beýle bolan ýagdaýynda özüne gelýän suwuň mukdarynyň azalmagyndan gorkýar.
XS
SM
MD
LG