Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyz prezidenti işden çekilmek isleýändigini aýdýar


Gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakyýew eger öz howpsuzlygy kepillendrilse, işden çekiljegini aýdýar.

Ol Jalalabat regionynyň Teýit şäherinde bolan metbugat ýygnagynda çykyş edip, «eger maňa hem garyndaşlaryma howpsuzlyk kepilligi berilse, men dynç alşa çykjak» diýdi.

Şeýle-de Bakyýew özüni jar eden geçiş hökümetiniň başlagy Roza Otunbaýewany gepleşik geçirmäge çagyrdy.

Otunbaýewa Associated Press habarlar gullugyna öz hökümetiniň gyrakladylan prezidente we onuň maşgalasyna howpsuzlyk kepilligini berýändigini, ýöne munuň üçin onun işlden çekilmelidigini we ýurtdan gitmelidigini aýtdy.

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň harby bazasynyň bu ýurtda bolmaly häzirki möhleti iýul aýynda dolandan soň ol möhletiň awtomatiki suratda uzaldyljagyny aýtdy.

BMG-niň başlygy Ban Ki-mun şu gün Gyrgyzystandaky garşydaş taraplary öz dawalaryny parahatçylykly çözmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG