Sepleriň elýeterliligi

Ölüm - hökmany kanun. Her bir janly jandar dogulman biler, ýöne ölmän bilmez. Sebäbi tebigaty döreden öz beren zatlaryny ýene yzyna gaýdyp alýar.

Onuň kanunyna görä, her bir dörän zat ýok bolup gitmeli. Adam hem hernäçe başarjaň, hernäçe aňy ösen jandar bolsa-da, tebigata erk edip bilmeýär. Ol kanuny üýtgedip bilmeýär. Ynsan bu kanuny üýtgederden ejiz. Dogulmak, ýaşamak we ýok bolup gitmek meselesinde oňa (ynsana) diňe tebigata boýun egip gezibermekden başga çäre ýok.

Ölümi ýok etmek, iň bir hökmürowan, zalym patyşalara-da başartmaýar. Iň güýçli alymlara-da başartmaýar. Dünýäniň gylla ýaryny basyp alan, ynsanlaryň kesilen kellesinden minaralar galdyran, ynsan jesetlerinden depeler, daglar döreden Çingiz han üçinem günleriň bir güni dünýesini täzelemeli pursat ýetipdir. Zalym han garrapdyr, keselläpdir. Dünýäniň adamlarynyň nijemesiniň başyna ölüm salan hanyň özi welin ölmek islemändir. Görüň-ä bu patyşalary! Halka jebir berjekmişler, özleri welin jebri çekjek dälmiş!

Garaz, gepiň keltesi, Çingiz han öz başyndan ölümi aýrarlary ýaly, dünýede tebip bolsa çagyrdyp, özüni ölmez ýaly etmegi olardan haýyş edipdir. Tebipler hana keseli birneme yza tesdirip bolýandygyny, ýöne ölümi hiç kimiň başyndan aýryp bolmaýandygyny düşündiripdirler. Zalym han ölümiň özüne-de degişlidigine diňe şonda düşünipdir.

Ölüm tebigatyň goýnundaky ähli janly-jandar üçin agyr hem ajy. Ölümiň ajylygyny diňe bir ynsanlaryň däl, eýsem haýwanlaryň-da, hatda ösümlik dünýäsiniň-de duýup bilýändigi hakda köp dünýä filosoflary täsin-täsin ýazgylary galdyrypdyrlar. Şeýle pikir türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda-da bar.

«Elinden kürresi gitse eşegiň,
Delmuryp dört ýana, gözlär uşagyn,
Bir düýe aldyrsa elden köşegin,
Hasratyndan bozlamaýan bolarmy!
Käkilik aldyrsa türpe balasyn,
Aglaý-aglaý yzlamaýen bolarmy!»
- diýip, Magtymguly Pyragy özüniň «Yzlamaýan bolarmy» diýen goşgusynda diňe bir ynsanlaryň däl, eýsem haýwanlaryň-da ölüm hasratyna çydaman, aglaýandyklary hakda ýazypdyr.

Ynsan ölümine ynsanlar gynanýarlar. Soltan Hüseýin Baýkaranyň gowy dostlarynyň biri, köşkde onuň ýakyn geňeşçisi bolan, özüniň ölmez-ýitmez sazlary, goşgulary, şorta sözleri, özi hakdaky ýatlamalar bilen külli musulman dünýäsinde ajaýyp adamlaryň biri bolup baky galan Myraly (Alyşir Nowaýy) ýogalanda bütin Marynyň ilaty onuň ölümine gynanýar. Nowaýyny jaýlamak üçin üýşen adamlardan onuň tabydyny goýmaga ýer tapylmaýar. Adamlar tabydy elde göterip durýarlar. Tä gonamçylyga çenli adamlar şahyryň tabydyny diňe elden-ele alyp bermek bilen, ony jaýlanmaly ýere eltýärler. Onuň jaýlanan güni misli Maryda adamlar ýöremän, ýer süýşýän ýaly bolupdyr. Adamlar şeýle köp üýşüpdir. Gowy adamy ýitirmek nähili kyn!

Baba Annanowyň gubury
Şahyr Gurbannazar Ezizow ýogalanda hem şeýle boldy. Onuň ölümine bütin Türkmenistan aglady. Häzirem aglap ýören köp. Türkmen Gara şahyryny (Seýitliýew) ýitirende-de, Alty Garlyýew, Baba Annanow ýaly artistlerini ýitirende-de aglamak aglady.

Ynsan ölümi diňe hasratmy?

Ýok. Diňe gowy ynsanyň ölümi hasrat. Ölümiň şatlyga öwrülýän wagtam bolýar.

Zalymlaryň ölümi ynsanlaryň hemmesi üçin şatlyk. Mysal üçin Adolf Gitleriň ölümi bütin dünýe üçin şatlykly waka boldy. Stalin, Çingiz han Çikatilo…we ýene şulara meňzeş zalymlar ýogalanda näçe adamlar begendikä?!

Ölümiň bilen adamlary begendirmek—masgaraçylykdyr! Gülkünçdir!

Ölümiňe hiç kim begenmez ýaly, dirikäň hormat-sylag gazanyp gitmeli!

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG