Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejad Obamany aragatnaşygy artdyrmaga çagyrdy


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýüzlenip, ony Tähran bilen aragatnaşygyny artdyrmaga çagyrdy.

Ahmedinejad döwlet telekanalyna beren interwýusynda “Obamanyň Eýrana üns bermegi iki tarap üçin hem bähbitli bolar, Eýran barada aýdylanda, biz Amerika bilen aramyzda dartgynlylyk islämizok” diýdi.

Ahmedinejad sözüniň dowamynda “Obamanyň saýlawlardan öň “özgerişlik” barada beren wadasynda duranlygyny aýan etmek üçin saýlap biljek ýoly Eýran bilen sýyasy taýdan aragatnaşygyny artdyrmakdyr” diýdi.

Ahmedinejad Obamanyň häkimiýet başynda galyp bilmegi üçin Eýran bilen aragatnaşygy artdyrmaklygynyň zerurdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG