Sepleriň elýeterliligi

Dünýä liderleri Eýran barada pikir alyşdy


Dünýä liderleri Eýranyň ýadro programmasy boýunça Tährana garşy girizilmegi mümkin täze sanksiýalar barada pikir alyşdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Eýrana garşy täsirli boljak täze sanksiýalaryň wagtynda girizilmegi barada Waşingtonuň tagalla edýänligini aýtdy.

“Sanksiýalar jadyly taýak däl. Sanksiýalaryň Eýran ýaly ýurtlara berjek sapagy ýadroly programmany dowam etdirmekligiň peýdasyndan zyýanynyň köpdügine göz ýetirmäge olary mejbur etmekdir. Biziň mundan umyt edýän zadymyz, bu programmanyň zyýany aşa uly we bähbidi aşa azalan ýagdaýynda, olar diňe dünýäniň howpsuzlygy üçin däl, öz halkynyň bähbidi üçin hem dogry karar kabul ederler” diýip, Obama aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Eýrana garşy girizilmegi mümkin bu sanksiýalaryň diňe ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmagynyň öňüni almaga gönükdirilmelidigini we onuň ýönekeý ilata zyýan ýetirmeli däldigini aýtdy.

Hindistanyň premýer-ministri bolsa täze sanksiýalaryň girizilmegine Deliniň garşydygyny we sanksiýalaryň diňe garyp gatlaga zyýan ýetirjekdigini özüniň Obama aýdanlygyny mälim etdi.

Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Pekiňiň diplomatik çözgüdi goldaýanlygyny, emma ykdysady gatnaşyklara zyýan ýetmejek bolsa “täze pikirleri” diňlemäge özleriniň taýýardygyny aýtdy.

Liderler bu pikirlerini ABŞ-da ýadro howpsuzlygyna bagyşlanyp geçirilen ýygnakdan soň beýan etdiler.
XS
SM
MD
LG