Sepleriň elýeterliligi

Jeenbekow: “Bakyýew bolan wakalara jogap bermeli”


“Ata-Meken” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Röwşen Jeenbekow

“Ata-Meken” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Röwşen Jeenbekow

7-nji aprelde amala aşyrylan protestlerden soň prezident Kurmanbek Bakyýewiň Bişkegi terk etmegine we öňki daşary işler ministri Roza Otunbaýewanyň ýolbaşçylygynda wagtlaýyn hökümetiň döredilmegine garamazdan, Gyrgyzystanda häzirlikçe nämälimlik dowam edýär.

Bu dartgynlylyk nähili netije bilen tamamlanar? Bu barada anyk bir zat aýtmak kyn, şeýle-de ençeme partiýadan ybarat wagtlaýyn hökümetiň liderleriniň arasynda näderejede agzybirlik bar diýlen mesele hem sorag bolup durýar.

Şol koalisiýa girýän toparlardan biri hem Gyrgyzystanyň “Ata-Meken” partiýasydyr. Şol ýagdaýlar bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy ýakynda “Ata-Mekeniň” başlygynyň orunbasary Röwşen Jeenbekow bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystanda şeýle wakanyň emele gelmegine näme sebäp boldy?


Röwşen Jeenbekow: Munuň iki, belki-de, üç sebäbiniň bardygyny aýdyp bolar. Ilki bilen biz 2005-nji ýylda Bakyýewiň hökümet başyna geçmegine ýardam edip, ony ýurda baştutan edip saýladyk. Ony goldanlaryň arasynda menem bardym. Ol korrupsiýa, garyndaşparazlyga garşy göreşip, ýurtda demokratik düzgüniň ornaşdyryljakdygyny aýdypdy. Şonuň üçin onuň hökümet başyna gelmegine ýardam etdik.

Emma diňe bir ýylyň dowamynda ol beren ähli wadalaryny ýadyndan çykardy. Ol biziň ýurdumyzyň ýüzüni ýalňyş tarapa ugrukdyrdy. Ol awtoritar we jenaýatçy bir režim döretdi. Bakyýew garyndaşparazlyga ýüz urup, ýurduň dolandyryş sistemasyny üýtgetdi.

Akaýewiň döwründe ýurtda belli bir derejede demokratiýa bardy. Emma Bakyýew häkimiýet başyna gelenden soň, demokratiýadan awtokratik düzgüne geçilip, ýurtda jenaýatçy bir režim döredildi.

Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystanda häzir ýagdaý nähili, ýurt nähili dolandyrylýar?

Röwşen Jeenbekow: Syýasy ýagdaýlar häzirki döwürde belli bir derejede durnuklaşdy, ilat köşeşdi. Emma şol dartgynlylykda ençeme binalar we guramalar weýran edildi. Onuňam sebäbi Bakyýew ähli liderleri türmä basdy we protestçilere ýolbaşçylyk etjek adam galmandy, onsoň olar islän zadyny etdiler. Olar maşynlara zyýan ýetirdiler, ulaglary oda ýakdylar, binalara zeper ýetirdiler.

Emma häzirki hökümetiň iň uly problemasy sosial we ykdysady meselelerdir. Bu problema biziň ýurdumyzyň býujetine degişli meseledir. Häzirki döwürde Gyrgyzystanyň býujet ýetmezçiligi 50%-e barabardyr.

Mysal hökmünde aýtsak, eger Gyrgyzystanyň býujetiniň möçberi bir milliard bolsa, onuň 500 milliony býujet ýetmezçiligine harç edilýär we häzirki döwürde esasy problema muňa çözgüt tapmakdan ybaratdyr.

Ikinji mesele bolsa, biz henizem Gyrgyzystanyň prezidenti Bakyýewe garşy göreşýäris. Ol paýtagty terk etdi, emma öz dogduk mekany bolan Jalalabada baryp, şol ýerde bikanun ýaragly topar döretmäge synanyşýar.

Biziň hökümetimiz Gyrgyzystanyň prezidentiniň saýlap alan bu ýolunyň ýalňyşdygyny aýtdy we onuň Bişkege gelip, şol ýerde bolan heläkçilikler baradaky soraglara jogap bermegini talap etdi.

Sebäbi şol protestlerde howpsuzlyk güýçleri tarapyndan edilen hüjümlerde azyndan 78 adam heläk boldy. 1500 töweregi adam hem ýaralandy we Bakyýew munuň jogapkärçiligini boýun almaly.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Roza Otunbaýewanyň ýolbaşçylygyndaky bu hökümetiň durnukly bir administrasiýa boljakdygyny aýdyp bolarmy? Täze lideri saýlamakda ylalaşmazlyklaryň ýüze çykmagy mümkinmi?

Röwşen Jeenebkow: Elbetde, menem şol hökümetiň bir agzasy. Men täze hökümetimiziň sosial we ykdysady problemalary birki aýyň dowamynda çözüp bilse, ýagdaý durnuklylaşar diýip, pikir edýärin we şeýle bolan halatynda bu hökümetiň hasam uzaga çekmegi mümkin.

Eger biz şol sosial we ykdysady problemalary çözmegi başarmasak, eger biz Bakyýewiň awtoritar režiminiň bu wakalaryň aňyrsynda eli bolan işgärlerini jezalandyrmagy başarmasak, onda bu uly sorag döreder.

Azatlyk Radiosy: Haçanda ýurtda saýlawlar yglan edilende, sen haýsydyr bir ýokary derejeli wezipä dalaş etmegi planlaşdyrýarmyň?


Röwşen Jeenbekow: Hawa, meniň pikirimçe, alty aýyň ýa-da bir ýylyň dowamynda biz erkin ses berişlik geçirip bolayjak ýagdaýy döredip, Gyrgyzystanda parlament saýlawlaryny amala aşyrarys. Biz öz syýasy režimimizi düýpden üýtgederis. Biz Gyrgyzystanda parlament hökümetini gurarys. Meniň pikirimçe, “Ata-Meken” partiýasy tarapyndan bu prosese gatnaşjak liderlerden biri hem men bolaryn.

Biz täze hökümeti gurmak üçin tagalla ederis. Emma, meniň pikirimçe, häzirki döwürde, ýagny saýlawlar yglan edilýänçä, men wagtlaýyn hökümet bilen işleşmegi dowam etdirerin.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Bakyýewiň sýyasy ýa harby güýjüni jemläp, gaýtadan häkimiýet başyna geçmek mümkinçiligi barmy?


Röwşen Jeenbeko
w: Onuň öz tarapdarlaryndan ybarat ullakan ýaragly topar döredip biljekdigine meniň o diýen ynamym ýok. Emma onuň puly bar. Biziň çaklamamyza görä, ol ýurduň 500 million bilen 1 milliard dollar aralygyndaky serişdesini öz hasabyna geçiren bolmaly.

Häzirki döwürde ol öz garyndaşlaryny hem bu herekete goşmaga synanyşyp, olara pul berýär. Emma Bakyýewiň hiç hili ideologiýasi ýok. Şonuň üçin men onuň Gyrgyzystanyň günortasynda ullakan harby topar döredip biljekdigini çak etmeýärin. Emma welin, onuň belli bir derejede problema döretmegi başarmagy mümkin.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, ýurduň günortasynda ýerleşýän harbylardan başga Gyrgyzystanyň beýleki regionlarynda ýerleşýän esgerler oppozisiýany goldaýarmy?

Röwşen Jeenbekow: Hawa, elbetde, esasy oppozision liderlerden biri General Ysmaýyl Ysakow ýaňy-ýakynda türmeden boşadyldy we ol ähli harby guramalary öz kontrollygyna aldy. Sebäbi ol harbylaryň arasynda uly abyraýya eýe bolan bir ýolbaşçy. Ol häzirki döwürde Gyrgyzystanyň wagtlaýyn goranmak ministri wezipesini berjaý edýär. Ysakow ýakynda harby güýçleriň ählisiniň agzalarynyň oppozisiýanyň kontrolyndadygyny tassyklap, beýanat ýaýratdy.

Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň Manasdaky harby bazasy barada siz nähili pikirde? Bu baza işini dowam etdirermi, ýogsa-da ýapylmagy mümkinmi?


Röwşen Jeenbekow: Biziň wagtlaýyn hökümetimiziň premýer-ministri Roza Otunbaýewa bu barada bireýýäm beýanat ýaýradyp, ABŞ-nyň harby bazasynyň Owganystan boýunça bu ýurtda iş alyp barmagyny dowam etdirmegine rugsat ediljekdigini aýtdy. Meniň pikirime görä, biziň hökümetimiz geljekde hem bu beýanatda aýdylan pikiriň arkasynda tapylar.

Azatlyk Radiosy: Häzirki problemalaryň hötdesinden gelnensoň, siz Gyrgyzystanyň ykdysady hem harby taýdan Orsýete ýakynlaşjakdygyny pikir edýärsiňizmi?

Röwşen Jeenbekow: Meniň pikirimçe, hawa. Sebäbi Orsýet häzirki döwürde Gyrgyzystanyň syýasy prosesine gaty içgin we aktiw aralaşyp başlady. Meniň pikirime görä, Gyrgyzystan öz daşary syýasatyny belli bir dereje-de Orsýete ýakynlaşdyrar.

Emma men öňki ministr we parlamentiň öňki agzasy hökmünde, Gyrgyzystan ähli günbatar ýurtlary bilen hem hyzmatdaşlykda bolmaly pikir edýärin. Sebäbi biz günbatar ýurtlarynyň, şol sanda Amerikanyň kömegine mätäç. Diýmek, biz olaryň ählisi bilen gowy gatnaşykda bolmaly.
XS
SM
MD
LG