Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kemçiliklere göz ýumulsa, öňegidişlige garaşma!


Öwezow:"Ýamany, ýaramazy halkdan ýaşyrmak Saparmyrat Nyýazowyň hökmürowanlyk eden ýyllarynda ähli köpçülikleýin habar serişdeleri üçin adata öwrüldi."
Öwezow:"Ýamany, ýaramazy halkdan ýaşyrmak Saparmyrat Nyýazowyň hökmürowanlyk eden ýyllarynda ähli köpçülikleýin habar serişdeleri üçin adata öwrüldi."
«Türkmen telewideniýesinde, ýurtda neşir edilýän gazet-žurnallarda haçan soňky gezek kemçilikler barada aç-açan gürrüň berýän makala, tankydy äheňde taýýarlanan çykyş berildi?» diýlen soraga orta ýaşyna ýetenler hem uly ýaşly adamlar dessine Gorbaçýowyň üýtgedip gurmak we aýanlyk döwründe diýip, jogap berýärler. Emma 18-25 ýaşlylar bu soraga jogap tapman, näme diýjeklerini bilmän, ýaýdanyşyp, iki eginlerini gysaýýalar.

Ýaşlaryň bu bolşuna geň galmaly däl, sebäbi Gorbaçýowyň üýtgedip gurmak we aç-açanlyk syýasaty ýyllaryndan bäri, başgaça aýdanyňda, Türkmenistan öz garaşsyzlygyny alaly bäri ýurtda kemçilikler barada ne aç-açan gürrüň edildi, ne-de olar barada köpçülikleýin habar serişdelerinde erkin aýdyldy.

Ýamany, ýaramazy halkdan ýaşyrmak Saparmyrat Nyýazowyň hökmürowanlyk eden ýyllarynda ähli köpçülikleýin habar serişdeleri üçin adata öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde-de gazanyldy diýlen üstünlikleri mahabatlandyrmak, real hakyky durmuşy kosmetiki bezegler bilen bezäp gorkezmek türkmen žurnalistlerine endik boldy.

Oňki Soýuz döwründe durmuşda bar bolan nogsanlary aradan aýyrmakda, kemçilikleri düzetmekde gazetleriň aýratyn roly bardy. Gazetde berlen tankydy makala partiýanyň raýon we oblast komitetleriniň býurosynda garalardy, býurolaryň mejlisinde gazetde aýdylan kemçiliklere ýol beren günäkerlere çäre görlerdi, ýagdaýy düzetmek üçin kararlar kabul edilerdi.

Şol ýyllarda gazetlerde habarçy bolup işlän žurnalistleriň aýtmagyna görä, käte-käte çap edilen tankydy makaladaky görkezilen faktlaryň we kemçilikleriň esasynda prokuratura ýa-da beýleki hukuk goraýjy organlar jenaýat işlerini hem gozgardylar. Gepiň tümmek ýeri, öňki döwürlerde, ýagny köpçülikleýin habar serişdeleriniň azda-kände erkin bolan döwürlerinde türkmen žurnalistleri durmuşdaky bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmaga uly goşant goşardylar.

Ýene-de köne gylyk

S.Nyýazowyň döwründe bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik edýän soňky üç ýylynda-da türkmen žurnalistlerine hiç-hili erkinlik berilmedi. Oňki döwürlerde «metbugat ýiti ýaragdyr» diýlen şygar astynda ýerleşen redaksiýalara gelýen hatlary we arzaly bukjalary poçta işgerleri uly haltalara salyp getirerdiler. Adamlar redaksiýalara öz arzalaryny iberip, türkmen žurnalistlerinden hemaýat gozlärdiler. Soňky ýyllarda bolsa redaksiýalaryň hatlar bölümlerine gelýän hatlary sanamak üçin bir eliň barmaklary-da ýeterlik. Kemçilikleri we beýleki hukuk bozmalary düzetmek entek beýle-de dursun, hatda olar hakynda açyk aýdyp bilmeýän gazetlere indi hiç kim arz edenok.

Welaýat gazetleriniň birinde işleýän bir habarçy parahorluk, işsizlik, artdyryp ýazmak, neşekeşlik we durmuşda bar bolan beýleki ýaramazlyklary adam teninde dörän iriňli ýara bilen deňeşdirýär. Onuň pikiriçe, eger ol iriňli ýarany haýdan-haý bejerip başlamasaň, ol ýara bütin adam organizmine öz ýaramaz täsirini ýetirip, ony zäherläp başlaýar.

«Durmuşda bar kemçilikler barada wagtynda ýerli-ýerden aýtmasaň, olara garşy açyk hereket etmeseň, ol kemçilikler biziň öňe gidişimize-de päsgel berer, biziň ýaşaýan jemgyýetimizi-de zäherlär» diýip, ýerli žunalist öz pikirini beýan etdi.

Ýurtda kemçilikler hakynda hiç kim dil ýarmaýar diýsek, ol ýalňyş bolar. Ýygy-ýygydan geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýa-da Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda nogsanlar barada seýrek hem ýüzleý bolsa-da aýdylýar. Ýöne olar hakynda kim aýdýar? Diňe prezidentiň özi ýa-da onuň görkezmesi boýunça ministrliklerde, pudak edaralarynda, welaýatlarda barlag geçiren ýurduň baş prokurory, milli howpsuzlyk ministri, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy ýalylar hasabat berenlerinde aýdyp bilýärler. Ýerli synçylaryň bellemegine gorä, beýle «çäklendirilen aýanlyk» haýsydyr ministri, pudak ýolbaşçysyny ýa-da häkimi wezipesinden boşatmagyň öň ýany ýüze çykýar. Başga wagt kemçiliklere göz ýumulýar.

Bu ýagdaý, ýerli bilermenleriň pikiriçe, düýbünden nädogry. Aslynda prezident ýa-da beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda hemme raýatlaryň, şol sanda žurnalistleriň hem kemçilikler barada aýtmaga hukugy bolmaly. Göräýmäge, bar edilmeli iş bir ýönekeý zat ýaly bolup dur. Arman, ýokarda oturan ketdeler bu ýönekeýje çäreden döwlete geljekde nähli uly peýda geljegine düşünjegem bolanoklar.

Şatlyk Öwezow daşoguzly synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG