Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýadro sammitinde özara ylalaşyk gazanyldy


Waşingtonda Ýadro howpsuzlygy sammitine gatnaşan dünýä ýolbaşçylary terroristleriň ýarag öndürmek üçin ulanmagy mümkin bolan materiallaryny howpsuzlandyrmagy wada etdiler.

Prezident Barak Obama düýn öýleden soň jemleýji metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda ýolbaşçylaryň ýadro materiallarynyň terroristik toparlaryň eline düşmezligini üpjün etmegiň iň gowy ýolunyň berk howpsuzlyk çäreleridigi bilen ylalaşandyklaryny bildirdi.

“Men bir ýyl mundan ozal Pragada tutuş dünýäde gowy goralyp saklanmaýan ýadro materiallary dört ýylyň içinde howpsuzlandyrmaly diýipdim. Bu sammite gatnaşan ýurtlaryň bu maksady goldamagy meni begendirdi. Bu bir gaty beýik arzuw. Biz bu aňsatlyk bilen amala aşar diýip, boş hyýallara kowalaşamzok. Ýöne bu howpuň abanyp duranlygy, betbagtçylykly netijeler üçin ýadro terrorizminiň ýekeje aktynyň bir özüniň ýeterlikdigi bizden batyrgaý we pragmatik tagallalary talap edýär” diýip, Obama nygtady.

Amerikan prezidenti düýnki çykyşynda: “Atom bombasyny döretmäge ýeterlik material Al-Kaýdanyň eline düşse, onda bu dünýa üçin bir betbagtçylyk bolar” diýdi.

“Satyn alnyp, ýa-da ogurlanyp, ýarag üçin ulanylmagy mümkin ýadro materiallary ençeme ýurtda bar. Plutoniniň alma ýalyjak az mukdary-da ýüz müňlerçe bigünä adamy öldürip, ýaralamaga ýeterlik. Al-Kaýda ýaly terroristik toparlar ýadro üçin materialy edinmäge synanyşýarlar. Bu iş olara başartsa, ony ulanjakdyklary şübhesiz” diýip, Obama nygtady.

Maksada ýetildi

Ak Tam tarapyndan ýola goýlan konferensiýadan maksat ýadro materiallaryny terroristleriň eline düşmez ýaly edip saklamak barada dünýä ýolbaşçylarynyň özara ylalaşygyny gazanmakdy. Bu maksada hem ýetildi.

Obama: “Bu gün bu ugurdan herekete geçmek üçin – bir pursat” diýdi.

“Bu gün biziň halkara arkalaşygy hökmünde ýadro materiallarynyň terroristleriň eline düşmeginiň öňüni almak üçin özara hyzmatdaşlygy artdyrmaga, institusiýalary we hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge mümkinçiligimiz bar” diýip, Obama belledi.

Oňat goralyp saklanmaýan ýadro materiallaryny howpsuzlandyrmak baradaky anyk borçnamadan daşgary Ak Tam sammite gatnaşýanlaryň Eýranyň garşysyna göz öňünde tutulan berk sanksiýalaryň täze tapgyryny goldamaklaryny-da isleýär.

Waşington ýadro programmalarynyň parahatçylykly maksatlar üçindigini subut etmekde halkara arkalaşygynyň talaplaryna boýun egmeýän Tährany jezalandyrmagyň wagty gelip ýetdi diýen pikirde.

Duşenbe güni Obama bu işden boýun gaçyrýanlygy sebäpli Eýrany jezalandyrmak üçin Birleşen Ştatlar tarapyndan göz öňünde tutulan sanksiýalary goldamagy barada Hytaýyň prezidenti Hu Jintaodan hem wada alypdyr.

Hu düýn sammitde Pekiniň atom ýaraglarynyň ýaýradylmagyna berk garşydygyny aýtdy. Ýöne Hytaýyň öz pikirlerini üýtgedip, Birleşen Ştatlaryň sanksiýalaryny goldajagyna Tähran ynananok.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Ramin Mehmanparast özüniň Hytaý prezidentiniň Obama bilen hyzmatdaşlyga taýyn diýmegine onuň Birleşen Ştatlaryň tutumyny goldajaklygy diýip düşünmeýänligini belledi.
XS
SM
MD
LG