Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan ABŞ bilen maslahat geçirmekçi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Nýu-Ýork, 21-nji sentýabr, 2009-njy ýyl.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Nýu-Ýork, 21-nji sentýabr, 2009-njy ýyl.

Türkmenistan we ABŞ ýakyn wagtda syýasy hem biznes konsultasiýalaryny, şeýle hem bilelikde biznes forumyny geçirerler.

Birleşen Ştatlar bilen geçiriljek syýasy we biznes konsultasiýalaryna we bilelikdäki biznes forumyna türkmen tarapy uly ähmiýet berýär. Bu barada prezident G.Berdimuhamedow 13-nji aprelde Türkmenbaşy şäherinde geçirilen hökümet maslahatynda aýtdy. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredowa bu çärelere taýýarlyk görmek tabşyrygy berildi.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda geçiriljek biznes forumyna amerikan tarapyndan “Biznes geňeşiniň” agzalary gatnaşarlar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň ýakynda türkmen ýolbaşçylarynyň adyna hat ýollap, Türkmenistanda reformalar prosesiniň gidýänligini bellänligi, ABŞ-nyň Türkmenistana öz goldawyny teklip edip, hökümetler arasynda ýaranlygyň, halklar arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine umyt baglanlygy habar berilýär.

Esasy ugurlar

ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk üçin göz öňünde tutýan ugurlarynyň energiýadan başlap, ýurduň bazar ykdysadyýetine geçişine ýardam bermek meselelerini öz içine alýanlygyny Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky işçihanasynyň wekili William Stiwens Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmenistan halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge we dünýä ýurtlary, şol sanda demokratik Günbatar döwletleri bilen netijeli iki taraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýarlygyny mälim edip gelýär.

Şu sapar Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen konsultasiýalarynyň biznes bilen birlikde syýasy meselelere hem bagyşlanjakdygy habar berilýär.

Şol bir wagtda-da türkmen oppozisiýasynyň wekilleri şu günki Türkmenistanyň syýasy özgerişliklere taýýardygyna özleriniň şübheli garaýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmen oppozisiýasynyň wekillerinden biri Nurmuhammet Hanamow Türkmenistanyň Birleşen Ştatlar bilen geçirjek konsultasiýalarynyň syýasy hem biznes ugurlara degişli boljagy yglan edilse-de, gepleşikleriň esasan ykdysadyýet hem biznes bilen çäklenjegini çak edýär.

N.Hanamow Türkmenistanda söz we metbugat azatlygyna, raýatlaryň öz pikirini açyk mälim etmegine ýol berilmeýänliginiň ýurtda syýasy özgerişlikleriň boljagyna şübhe döredýänligini belledi.

N.Hanamowyň pikirine görä, türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynda Türkmenistanyň demokratiýa taýdan özgermegi we ýurduň bazar ykdysadyýetine geçmegi, şol sanda hususy telekeçilik üçin zerur şertleri döretmek boýunça zerur çärelere üns berilse türkmen halky üçin has anyk netijeler döräp başlar.

Gyrgyzystandaky ýagdaýyň täsiri

Merkezi Aziýa boýunça bilermen, Türkiýäniň Gazy Uniwersitetiniň daşary gatnaşyklar boýunça professory Mehmet Seýfetdin türkmen-amerikan gepleşikleriniň aktiwleşmegini belli bir derejede taraplaryň regionda syýasy deňagramlylygy üpjün etmek niýetleri bilen baglanyşdyrýar.

Mehmet Seýfetdin ABŞ-nyň regionda täze ýaranlary gözleýänligini belläp, Gyrgyzystanda bolup geçýän soňky wakalaryň nukdaýnazaryndan ABŞ-nyň Ýewraziýa syýasatynda Türkmenistana we Gazagystana möhüm partnýor hökmünde garaýanlygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili William Stiwens ABŞ-nyň Türkmenistan bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy öz içine alýan dialogyna Gyrgyzystandaky syýasy öwrülişikleriň ýetirip biljek täsirini aradan aýyrýar.

ABŞ-nyň “Exxon Mobil”, “Chevron”, “Conoco Philips” ýaly iri kompaniýalarynyň ençemesi Türkmenistanyň Hazar deňzindäki nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek işlerine gatnaşmak ugrunda türkmen tarapy bilen gepleşik alyp barýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG