Sepleriň elýeterliligi

Hytaýdaky ýer yranmasy netijesinde 400 töweregi adam öldi


Şu gün Hytaýyň häkimiýetleri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Kinghaý prowinsiýasynyň daglyk raýonynda ýüz beren güýçli ýer yranmanyň netijesinde 400 töweregi adamyň ölendigini habar berdiler.

Maglumata görä, Rihter ölçeginde 6.9 ball güýji bolan bu ýer yranmanyň netijesinde käbir ilatly punktlarda ýer süýşgünleri hem ýüze çykypdyr we aragatnaşyk liniýalaryna uly zeper ýetipdir.

Hytaýyň resmileri ýer yranmanyň episentriniň Tibet regionynyň serhetlerine golaý ýokary daglyk raýonda bolandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG