Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistandaky güýçli tupanyň netijesinde azyndan 60 adam öldi


Şu gün Hindistanyň hökümet resmileri ýurdun Günbatar Bengal ştatynda öten agşam ýüz beren güýçli tupanyň netijesinde on müňlerçe jaýyň weýran bolandygyny we azyndan 60 adamyň ölendigini mälim etdiler.

Bangladeş bilen serhetleşýän Günbatar Bengal ştatynyň demirgazyk raýonynda öten agşam ýüz beren bu tupan köp ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde elektrik liniýalaryny hem weýran etdi.

Ýerli resmiler bu tebigy heläkçilikde ölen we ýaralanan adamlaryň gutarnykly sanynyň heniz belli däldigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG