Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde «Nowaýa wremýa» žurnalynyň ofislerine reýd geçirildi


Şu gün Orsýetde çap edilýän «Nowaýa wremýa» atly oppozision žurnalyň işgärleri bu žurnalda ýurduň milisiýasy barada çap edilen tankydy maglumatlaryň yzy bilen, žurnalyň ofislerine milisiýa işgärleriniň reýd geçirendiklerini habar berdiler.

Žurnalyň redaktory Ýewgeniýa Albats milisiýa işgärleriniň ähli kanunçylyk normalaryna garşy gidip, barlag geçirendiklerini we ofisleri dökendiklerini aýtdy.

Başda Orsýetiň «Eho Moskwy» radiosy bu barlaglaryň Moskwanyň şäher sudunyň karary bilen geçirilendigini habar berse-de, suduň metbugat sekretary özleriniň bu geçirilen barlaglardan habarsyzdyklaryny aýtdy.

«Nowaýa wremýa» žurnalynyň redaktory Ýewgeniýa Albats bu geçirilen barlaglara garşy şikaýat bilen suda ýüz tutmakçydygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG