Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetine kömek bermäge taýýar


Şu gün Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýk Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gyrgyzstanyň wagtlaýyn hökümetine ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy. Ol bu barada şu gün Bişkekde Gyrgyzstanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy Roza Otunbaýewa bilen geçiren gepleşikleriniň yzy bilen eden çykyşynda mälim etdi.

Şu gün Gyrgyzstanyň «Ak-žol» partiýasynyň parlament deputatlaryndan birnäçesi prezident Kurmanbek Bakyýewiň prezidentlik wezipesini resmi ýagdaýda elinden almak barada çagyryş bilen çykyş etdiler.

Bakyýewiň «Ak-žol» partiýasyndan parlament deputaty Begaly Nargozuýew Azatlyk radiosyna beren interwýusynda bu partiýanyň agzalaryndan bir toparynyň Kurmanbek Bakyýewe garşy impiçment, ýagny, resmi ses berişlik arkaly wezipesinden boşatmak usulyny ulanmak teklibi bilen çykyş edendiklerini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG