Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýdaky ýer titremede ölenleriň sany 600-e golaýlaýar


Hytaýyň günbatarynda ýerleşýän etraplarda bolan ýer titremede ölenleriň sany 589 adama ýetdi. Bu habary Hytaýyň “Ksinhua” habar agentligi resmilere salgylanyp ýaýratdy.

Hytaýyň günbatarynda bolan şol güýçli ýer titremede ençeme ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetdi, wakadan ölenleriň sanynyň artmagyndan howatyr edilýär.

Ýerli ýaşayjylaryň we esgerleriň ýykylan binalaryň astynda galan adamlary el bilen çykarmaga synanyşýanlyklary habarlarda aýdylýar.

Şol wakada ençeme mekdebiň weýran bolanlygy we azyndan 56 studentiň hem heläk bolanlygy habar berildi.

Hytaýly ýolbaşçylar wakada diri galanlary halas etmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga buýruk berdiler.

Hytaýyň wise premýer-ministri adamlary halas ediş işlerine gözegçilik etmek üçin regiona bardy.
XS
SM
MD
LG