Sepleriň elýeterliligi

Ösüp barýan dört ýurduň liderleri Braziliýada duşuşdylar


Dünýäde iň çalt ösýän dört uly yurduň, ýagny Hytaýyň, Orsýetiň, Hindistanyň we Braziliýanyň liderleriniň gatnaşmagynda iki günlik sammit düýn öz işine başlady.

Bu duşuşyk “BRIC” diýlip atlandyrylýan bu toparyň ikinji şeýle ýygnagydyr.

Synçylaryň aýtmagyna görä, şol ýygnaga gatnaşýan liderleriň dünýäniň ykdysady düzgüni barada özlerine has uly rol berilmegini talap etmekleri mümkin.

“BRIC” toparyna girýän bu ýurtlar dünýäniň jemi ilatynyň 40%-ni we ykdysadyýetiniň bolsa 20%-ni emele getirýärler.

Bu toparyň Orsýetiň Ýekaterinburg şäherinde geçen ýyl geçirilen ilkinji ýygnagynda dünýänyň maliýe düzgünlerini gaýtadan gözden geçirmek talap edilipdi.
XS
SM
MD
LG