Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň energiýa boýunça wekili Aşgabada bardy


Ýewropa Bileleşiginiň energiýa boýunça kommisary Guether Oettinger “Nabukko” gaz geçirijisiniň geljegi barada düýn Aşgabatda türkmen ýolbaşçylary bilen pikir alyşdy.

Oettinger Türkmenistanyň döwlet telekanalyna beren interwýusynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda “Nabukko” proýekti bilen bagly ylalaşygy taýýarlamak boýunça ýörite iş toparynyň döredilmegi barada ylalaşanlygyny aýtdy.

Türkmenistan gurulmagy planlaşdyrylýan “Nabukko” gaz geçirijisine goşuljakdygyny aýtdy, emma bu ugurda häzire çenli o diýen ösüş göze ilmeýär.
XS
SM
MD
LG