Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Resmi Aşgabat "Serhetsiz lukmanlardan" nägile


Aşgabadyň S.A.Nyýazow adyndaky keselhanasynyň şepagat uýalary.

Aşgabadyň S.A.Nyýazow adyndaky keselhanasynyň şepagat uýalary.

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasynyň ýagdaýy barada “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň 12-nji aprelde ýaýrdan hasabatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi “prowokatiw” hem “netijesiz” diýen baha berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 14-nji aprelde ýaýradan beýannamasynda 1999-njy ýyldan başlap, Türkmenistanda işlän “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň “ýurt babatynda dostlukly bolmadyk aksiýalara” gatnaşmagyna geň galýanlygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasy barada ýaýradan hasabaty obýektiw bolmadyk materiallar esasynda düzlen we hasabatyň awtorlary ýalan informasiýa ýaýratmak arkaly Türkmenistany abraýdan gaçyrmaga çalyşýarlar diýilýär.

“Serhetsiz lukmanlar” guramasy “Türkmenistan: Saglygy saklaýyş sistemasynyň ýapyklygy” atly hasabatyny ýaýradyp, 12-nji aprelde Moskwada metbugat konferensiýasyny geçirdi.

“Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň hasabatynda guramanyň ýurtda alyp baran işleri, ýurtda resmi hasabatyň ýöredilişi, medisina hyzmatlarynyň hili, halkara standartlarynyň berjaý edilişi barada habar berilýär.

Agzalan problemalaryň arasynda, hususan-da, Türkemenistanda ilatyň hakyky saglyk ýagdaýyny görkezýän sanlaryň ýördilmeýänligi, ýokanç keseller, şol sanda dünýä derejesinde iň howply hasaplanylýan WIÇ/AIDS, gepatit, inçekesel ýaly ýokanç keseller boýunça hakyky sanlaryň halkara guramalaryna berilmeýänligi, ýurtda ilat kopçüligi üçin kadaly medisina hyzmatlaryndan peýdalanmagyň elýetersizligi we näsaglara medisina kömegini bermekden ýüz öwrülýänligi aýdylyp, medisina hyzmatynyň hiline gorky faktorynyň ýaramaz täsir ýetirýänligi tankytlanyldy.

Hasabatyň maksady

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň medisina boýunça müdiri Lesli Şanks Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasynyň ýagdaýyny gowulandyrmak zerurlygyna kopçüligiň ünsüni çekmek maksady bilen ýaýradylan hasabatyň guramanyň 10 ýylyň dowamynda Türkmenistandaky tejribeleri esasynda taýýarlananlygyny belledi.

Lesli Şanks “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň türkmen tarapy bilen geljekki hyzmtdaşlygy barada gepleşiklerini dowam etdirip, 10 ýylyň dowamynda öz tejribesinde şaýat bolan takyk problemalaryna türkmen tarapynyň ünsüni çekýänligini aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň hasabaty boýunça ýaýradan resmi beýannamasy bilen baglanyşykly Daşary işler ministrliginiň özünden we Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyndan kommentariý alyp bolmady. Türkmenistanyň daşary syýasat boýunça edaralary Azatlyk Radiosyna kommentariý bermek jogapkärçiligi meselesinde birek-birege salgylanyp, söhbetdeşlikden boýun gaçyrdylar.

Saglygy saklaýyş sistemasyna resmi garaýyş


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 14-nji aprelde ýaýradan resmi beýannamasynda Türkmenistanyň ilat üçin unikal hem gowy düzgünleşdirilen saglygy saklaýyş sistemasyna eýedigi we bu sistemanyň garaşsyzlyk ýyllarynda öz netijeliligini subut edenligi aýdylyp, milli “Saglyk” programmasyna salgylanylýar.

Programma işläp başlaly bäri geçen 15 ýylyň dowamynda adamlaryň saglygyny goramak, milli saglygy saklaýyş sistemasyny kämilleşdirmek we ilata berilýän medisina kömegini ýokary derejä ýetirmek boýunça düýpli çäreler amala aşyryldy. Medisina hyzmatlarynyň hili bolsa döwletiň ösüşiniň iň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda aýdylýar.

Ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda amala aşyrylan işler barada aýdylanda, beýannamada döwre laýyk tehniki taýdan iň osen serişdeler we abzallar bilen enjamlaşdyrylan medisina merkezleriniň gurlanlygy we ýene gurulýanlygy bellenilýär.

Beýannama laýyklykda Türkmenistan BMG-niň Dünýä saglyk edarasy tarapyndan berlen sertifikatlarynyň ençemesine eýe boldy. Hususan-da, 2000-nji ýylda Türkmenistana drakunkulez, ýagny adamyň bedeninde ýaşaýan gurçuklaryň bir görnüşini ýok etmek boýunça görlen çäreler üçin sertifikat we 2002-nji ýylda ýabany poliwirusyň ýaýbaňlanmagynyň ýurtda doly öňi alnyp, polimiýelit keseliniň soňuna çykylanlygy üçin sertifikat berildi. Türkmenistan halkara standartlaryna laýyklykda duzy ýodlaşdyrmak boýunça programmany amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda ilatyň saglyk ýagdaýyna degişli resmi sanlar we staristiki maglumatlar berilmedi.

Moskwanyň Döwlet Uniwersitetiniň Aziýa we Afrika döwletleri institutynyň “Merkezi Aziýany we Kawkazy öwrenmek boýunça laboratoriýasynyň” müdiri, professor Leonid Fridman statistiki maglumatlaryň ýaşyrylmagynyň, adatça, ýagdaýyň agyrlygyny görkezýänligini belledi.

Açyk maglumatlaryň ähmiýeti

Leonid Fridman türkmen hökümetiniň yglan edýän maksatlaryna we başlangyçlaryna pozitiw ädim hökmünde baha berýär, emma yglan edilýän reformalaryň iş ýüzünde netijeli bolmagy üçin hakyky ýagdaýdan habar berýän maglumatlary açmagyň we resmi hasap ýöredilmeginiň ähmiýetini nygtady. Professor Fridmanyň pikirine görä, ýurduň ýolbaşçylary hakyky sanlara doly eýe bolýança ykdysady, sosial we beýleki ugurlardan özgerişleri üpjün etmek mümkin däl.

Leonid Fridman ilat sany, adamlaryň ýaşynyň ortaça uzynlygy we ýurtdaky ölüm-ýitimiň derejesi boýunça hakyky ýagdaý hatda türkmen häkimiýetleriniň özlerine-de doly mälim däl diýip, hasap edýär, emma Türkmenistanyň häzirki hökümetiniň ýurdy özgertmäge ukyplydygyna ynam bildirýär.

“Halkara guramalarynyň hasabatlarynda hakyky sanlar çap edilip başlansa, bu başda Türkmenistanyň häkimiýetleri üçin oňaýsyzlyk döredip biler. Emma diňe açyklyk arkaly ýagdaýy düzetmek mümkin. Türkmen häkimiýetleri häzirki ýagdaýyň dowam etmegine ýol berip, hakyky ýagdaý barada açyk aýtmakdan saklansalar, ýagdaý agyrlaşar” diýip, L.Fridman Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ýagdaýynyň aýratynlyklaryna degişli maglumatlar köpçülik üçin ýaýradylýan dürli informasion çeşmelerde elýeterli. Meselem, Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýtynyň daşary ýurtlara syýahat edýänler üçin ýerleşdirilen maglumatynda Türkmenistanyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan agyr ýagdaýly ýurtdygy aýdylyp, bu ugurda ilkinji nobatda ýokanç keseller we aşgazan-içege keselleri agzalýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG