Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň energiýa wekili Berdimuhamedow bilen duşuşdy


Çarşenbe güni wekilçilikli delegasiýa ýolbaşçy bolup Aşgabada baran Ýewropa Bileleşiginiň energetika meselesi boýunça Komissary Gýunter Ottinger Aşgabatda prezident Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň perspektiwalary barada pikir alyşdylar.

Energetika boýunça hyzmatdaşlyklary ösdürmek meselesi bu duşuşykda aýratyn üns merkezinde boldy.

Bu wakanyň fonunda bolsa, düýn Aşgabatda gaz meselesi boýunça 1-nji Halkara konferensiýasy açyldy. Bu konferensiýa Ýewropa Bileleşiginiň delegasiýasyndan daşary, dünýäniň 35 ýurdundan 600-den gowrak delegat gatnaşýar.

Konferensiýada, esasan, Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek, gaz önümçiliklerini ýola goýmak, gazy gaýtadan işlemek we ony transportirlemek, şeýle hem ýurduň energiýa pudaklaryna inwestisiýalary çekmek meseleleri barada pikir alşyljakdygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG