Sepleriň elýeterliligi

Kurmanbek Bakyýew Gyrgyzystany terk etdi


Penşenbe güni prezident Kurmanbek Bakyýew Gyrgyzystany terk edip, Gazagystana bardy.

Habar agentlikleri Bakyýewiň Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen ýörite konsultasiýa gepleşiklerini geçirmek üçin Gazagystana barandygyny habar berýärler.

Penşene güni Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň baş edarasynyň häzirki ýolbaşçysy, Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýewiň bu waka bilen bagly ýaýradan beýanatynda Gazagystanyň, Orsýetiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentleri, şeýle hem, Gyrgyzstanyň häzirki wagtlaýyň hökümeti, Birleşen Milletler guramasy we Ýewropa Bileleşigi bilen geçirilen özara konsultasiýalaryň netijesinde, Kurmanbek Bakyýewiň Gyrgyzystany terk etmekligine rugsat berlendigi aýdylýar.

Bu wakanyň öňýany Gyrgyzystanyň Oş şäherinde prezident Kurmanbek Bakyýew öz az sanly tarapdarlary bilen piket geçirmekçi bolanda, gahar-gazaba münen adamlaryň oňa hüjüm etmekleri netijesinde, ol bu ýerden gaçyp gutulmaly boldy.

Wakada Bakyýewiň janpenalary hüjümçileriň öňüne böwet bolup, adamlaryň ustaşyry ok atdylar. Bu wakada ölen ýa-da ýaralanan adamlaryň bolandygy barada hiç hili maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG