Sepleriň elýeterliligi

Hytaýdaky ýer titremede heläkçilik uly boldy


Penşenbe güni Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabao ýurduň demirgazyk-günbataryndaky güýçli ýer yranmanyň bolan raýonyna sapar etdi. Çarşenbe güni Hytaýyň şu Çinghaý prowinsiýasynda ýüz beren ýer yranmanyň netijesinde azyndan 700-e golaý adam öldi.

Ýöne halas ediş işleriniň barşynda ölenleriň hakyky sanynyň has-da artmagy mümkin diýlip garaşylýar. Hytaýyň resmileri Çinghaý prowinsiýasynyň daglyk raýonynda ýüz beren bu ýer yranmanyň güýjüniň episentrde 6.9 ball bolandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG