Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hatamynyň Eýrandan çykmagyna ýol berilmeýär


Penşenbe güni Eýranyň reformaçylaryna tarapdar bir internet saýty ýurduň ozalky prezidenti Muhammet Hatamynyň ýurtdan çykmaklygyna ýol berilmändigini habar berdi.

Bu maglumata görä, Muhammet Hatamy Ýaponiýada ýadro ýaragsyzlanşygy boýunça geçirilmegi planlaşdyrylýan halkara konferensiýasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa ugramakçy bolanda, onuň ýurdy terk etmekligine ýol berilmändir.

«Frans-Press» habar agentligi hem öz adynyň tutulmagyny islemedik bir çeşmäniň maglumatyna salgylanmak bilen, hakykatdanam Muhammet Hatamynyň ýurtdan çykyp bilmejekdigi barada oňa polisiýanyň duýduryş berendigini tassyklady. Ýöne bu gadagançylygyň sebäpleri barada welin, häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG