Sepleriň elýeterliligi

Burns: “ABŞ bilen Orsýet has bişişen gatnaşykda”


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Syýasy işler boýunça kömekçisi William Burnsyň aýtmagyna görä, Amerika bilen Orsýet tarapyndan täze START şertnamasyna gol çekilmegi iki ýurduň arasyndaky “has bişişen gatnaşygyň” önümi.

Amerikanyň Moskwadaky öňki ilçisi muny düýn Waşingtonda Amerikan Öňegidişligi merkezinde beren beýanatynda aýtdy. Burns prezident Barak Obamanyň Orsýet baradaky strategiýasyny “her bir meselä özbaşdak çemeleşiş” diýip atlandyrdy.

“Biz öňümizdäki meseleleriň her birini öz ýatym ugruna görä çözmek mümkin we asla bu örän zerur hem wajyp diýen pikirden ugur aldyk. Işiň ylalaşykly we umumy bähbide laýyk taraplaryna beýleki taraplardan bütinleý aýry garap bolar diýen ýöntem pikire eýeremzok. Biziň gol ýapan zadymyz – gatnaşyklarymyzyň bir bölegindäki oňuşmazlyk beýleki ugurdaky öňegidişligi bökdemeli däl diýen düşünje boldy” diýip, Burns aýtdy.

Onuň pikiriçe, 8-nji aprelde täze START şertnamasyna gol goýulmagy – bu çemeleşişiň şowuna düşenliginiň aýdyň mysaly. Ençeme aýa çeken gepleşiklerden soň gelnen bu ylalaşyk boýunça iki ýurduň strategik ýadro ýaraglary ep-esli azaldylar.

“Öten ýylyň dowamynda prezident Obama bilen prezident Medwedew umyt beriji işleriň başyny başlap, köne öýke-kinäni arka atmak bilen, mese-mälim netijeler gazandylar. 7 gün mundan ozal Pragada gol çekilen täze START şertnamasy munuň ady manysyna ýaraşyp duran täsirli mysaly” diýip, Burns nygtady.

Burns Obamanyň administrasiýasynyň hyzmatadaşlygyň gerimini mundan beýläk-de giňeltmekde START gepleşiklerinde gazanylan üstünlige daýanmakçydygyny belledi.

“Ahlak tutumy gowşamady”


Ýöne Burnsyň aýtmagyna görä, Waşington bilen Moskwanyň arasynda gowulanan gatnaşyga Birleşen Ştatlar öz ahlak tutumyny gowşatdy diýip düşünmeli däl.

Käbir tankytçylar Ak Tamy beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk üçin Orsýetde adam hukuklarynyň bozulmagyna we territorial agressiýa ýeterlik ähmiýet bermeýänlikde aýyplaýarlar.

Burns: “Birleşen Ştatlar bir ugurda öňegidişlik gazanjak bolup, beýleki ugurlar boýunça ylalaşmazlykdan gaçanok” diýdi.

Burns: “Birleşen Ştatlar ählumumy adam hukuklaryny goramagyň, şeýle hem Orsýetde, Amerikada we beýleki ýurtlarda çäksiz adam potensialyny herekete getirmegiň esasy ýolunyň demokratik döwlet institutlaryny we kanunyň häkimligini berkitmekden ybarat. Biz bu baradaky ynanjymyzdan tutanýerli ýapyşmagy dowam etdireris” diýdi.

Amerikan diplomaty Gürjüstandan aýrylmaga synanyşýan regionlar Abhazystan bilen Günorta Osetiýanyň statusy meselesinde Birleşen Ştatlaryň Orsýet bilen düýpgöter ylalaşmaýandygyny hem belledi.
XS
SM
MD
LG