Sepleriň elýeterliligi

Buhutto barada geçirilen derňewleriň netijesi yglan edildi


BMG Päkistaniň öňki premýer-ministri Benazir Buhuttonyň öldürilmegi bilen bagly geçiren derňewleriniň netijesini yglan etdi. Buhuttonyň hökümet tarapyndan ýeterlik derejede goralmanlygy aýdylýar.

Hasabatda Buhuttonyň 2007-nji ýylyň dekabr aýynda öldürilenligi we bu barada Päkistanyň hökümetiniň ýeterlik derejede derňew geçirmänligi nygtalýar.

Penşenbe güni ýaýradylan şol hasabatda Buhuttonyň öldürilmegi barada hökümet wekilleriniň ýeterlik derejede derňew geçirmezligi “bilkastlaýyn” edilen hereket bolmaly diýilýär.

BMG aýratynam öz ekspertleriniň bu mesele boyunça amala aşyrýan derňewlerine Päkistanyň aňtaw gulluklary we hökümet wekilleri tarapyndan päsgelçilik döredilmäge synanşylanlygyny aýtdy.

Buhutto 2007-nji ýylyň dekabr aýynyň 27-de saýlawlara taýýarlyk boýunça alyp barýan tagallalary döwründe Rawalpindi şäherinde atylyp öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG