Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda Germaniýanyň 4 esgeri heläk boldy


Germaniýanyň Goranmak ministrligi Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Baglan welaýatynyň töwereginde 15-nji aprelde edilen hüjümde 4 nemes esgeriniň heläk bolanlygyny tassyklady.

Habarlardan mälim bolşuna görä, şol harbylar gozgalaňçylar tarapyndan edilen hüjümde heläk bolupdyrlar. Bu nemes harbylaryna edilen iň agyr hüjümlerden biridir.

Şunlukda, 2002-nji ýyldan bäri Owganystanda heläk bolan germaniýaly esgerleriň sany 43 adama ýetdi. Olardan 7-si geçen hepdäniň dowamynda heläk boldy.

Şol bir wagtyň özünde 15-nji aprelde Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Kandahar şäherinde maşyna ýerleşdirilip amala aşyrylan bomba partlamalarynda azyndan iki adamyň ölenligi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG