Sepleriň elýeterliligi

“Hewlett-Packard” rus wekillerine para berenlikde aýyplanýar


Kompýuter tehnikalaryny öndürýän amerikaly “Hewlett-Packard” kompaniýasynyň Orsýetde öz enjamlaryny satmaga rugsat almak üçin rus wekillerine para berip-bermänligi bilen bagly Orsýet hem Germaniýa tarapyndan alnyp barylýan derňewlere ABŞ-nyň hökümeti hem goşuljakdygyny yglan etdi.

“Hewlette-Packard” tarapyndan ýaýradylan beýanatda bu ugurda alnyp barylýan derňewler bilen bagly kompaniýanyň ABŞ-nyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk edýänligi aýdylýar.

Bu derňewler “Hewlett-Packard” kompaniýasynyň işgärleriniň 35 million ýewro barabar kontrakty gazanmak üçin germaniýaly bir kompaniýanyň üsti bilen rus wekillerine 11 million ýewro töweregi para berenligi baradaky gürrüňlerden soň başlandy.

Germaniýaly resmiler Orsýetiň Baş prokuraturasynda berlendigi aýdylýan bu para bilen bagly geçirýän derňewleriniň çäginde dekabrda üç adamy tussag edipdiler.
XS
SM
MD
LG