Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jaýlar hususylaşdyrylar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy aprelde geçiren nobatdaky Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çykyş edip, ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak barada aýtdy.

Dogrusy, G.Berdimuhamedow jaýlary hususylaşdyrmak hakda has öň, baryp-ha Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgärkä, saýlawçylaryň öňünde eden çykyşynda-da aýdypdy. Emma häzire çenli jaýlary hususylaşdyrmak hakyndaky kanun, näbelli sebäplere görä, resmileşdirilmän gelipdi.

Jaýlary hususylaşdyrmak düzgüni öňki SSSR-e giren döwletleriň arasynda diňe Türkmenistanda ýatyrlypdy. Ony geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow gadagan edipdi. Görnüşine görä, ol türkmen halkynyň birdenkä aşa baýaýmagyndan çekinen bolmaly.

«Jaýlary hususylaşdyrmak hakynda» kanun ýatyrlandan soň, ilatyň köp bölegi ene-atalaryndan galan jaýlaryna eýelik edip bilmän, olary döwletiň hasabyna mejbury geçirmeli bolupdylar.

Soňky 10 ýylda Aşgabatda jaýlaryň döwlet tarapyndan ýykylyp başlanmagy we şäher ýaka ýerlerde şahsy jaýlary gurmaga mellek ýer berilmezligi, öňki ýaşalýan ýerlerde ilata şahsy jaýlary gurmak gadagan edilmegi hem-de munuň üstesine-de jaýlaryň hususylaşdyrylmagynyň ýatyrylmagy Türkmenistanda köpgatly adaty jaýlaryň bahalarynyň gaty ýokary galmagyna getirdi. Jaýsyz galan ilat, karz-kowal pul alyp, gymmat bahadan jaý almaga mejbur edildi.

2009-njy ýylyň maýynda amerikan dollarynyň manada bolan gatnaşygynyň bir bahada kesgitlenilmegi, onuň öňki denominirlenmedik puluň 14200 manadyna deň edilmegi soňky ýyllarda döwlet tarapyndan gurulýan ýokary hilli jaýlaryň bahasynyň-da gymmatlamagyna getirdi. Häzir şol jaýlaryň biržada görkezilýän üç otaglysynyň bahasy üç milliard manatdan (240 müň amerikan dollaryndan) geçýär.

Prezident G.Berdimuhamedowyň jaýlary hususylaşdyrmak we jaý biržalaryny döretmek hakyndaky görkezmesi, häzirki dörän ýagdaýlara nähili tasir edip biler?

Türkmenistanda jaýlary hususylaşdyrmak hakynda kanunyň girizilmegi ilki bilen ilatyň bähbidine bolar. Köp ýyllaryň dowamynda hususylaşdyrylmadyk jaýlar hususy emläge öwrüler, bu hem Aşgabatda jaýlaryň bahasynyň biraz aşak gaçmagyna ýol açar. Öň döwlet eýeçiliginde bolan jaýlary öz bähbitlerine görä ulanyp bilmedik adamlar indiden eýläk olary bazaryň şertlerine görä ulanyp başlarlar. Hatda jaýlary kireýine bermek meselelerem halkyň bähbidine bolar.

Eger-de ýakyn aýlarda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Aşgabadyň ýakasynda we Ahal welaýatynda ilat üçin jaýlary gurmaga mellek ýer paýlap bermek hakynda rugsat berýän kanuny kabul etse, onda ol halk tarapyndan gyzgyn garşylanardy. Halk şeýle ädimlere umytly garaşýar.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG