Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakyýew Gyrgyzystandan Gazagystana gaçyp atdy


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti 7-nji aprelde hökümete garşy protestçilere ot açylyp, 80-den gowrak adamyň heläklenmegi we ýüzlerçe adamyň ýaralanmagy bilen baglanyşykly garaşsyz derňew geçirmegi wada berdi.

Ousted President Bakiev Leaves Kyrgyzstan
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:25 0:00
Täze kabinetiň başlygy Roza Otunbaýewa: “Özüne wepaly esgerler tarapyndan protestçileriň garşysyna ot açylandygy üçin Kurmanbek Bakyýew sud öňünde jogap bermeli. Ol sud prosesinden gaçyp, hiç bir ýurtda gizlenip bilmez” diýdi.

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Orsýet we Birleşen Ştatlaryň araçylyk etmegi bilen 15-nji aprelde özüni Gyrgyzystandan Gazagystana gaçyp atdy. Wagtlaýyn hökümet soňra onuň wezipe başyndan çekilendigini habar berdi.

Köp ýurtlar ara goşulmaly boldy

Ors prezidenti Medwedewiň Braziliýada gezip ýörkä eden çykyşynda Gyrgyzystanda gan döküşikli çaknyşyklaryň öňüni almak üçin köp ýurtlaryň ara goşulmaly bolandygyny aýtdy.

“Men Gyrgyzystandaky ýagdaý barada bu meseläni çözmäge kömekleşip ýören Gazagystanyň prezidenti bilen gürleşdim. Onsoň sammitiň dowamynda Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň hem goşulmagy bilen biz üç bolup, Gyrgyzystanyň we tutuş regionyň bähbitlerini göz öňünde tutup, bu mesele barada pikir alyşdyk” diýip, Medwedew aýtdy.

Kurmanbek Bakyýew häzir Gazagystanyň Taraz şäherinde. Ol Gazagystandan gaçybatalga sorajakmy ýa başga bir ýurda gitjekmi, ol belli däl.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Mun Bakyýewiň ýurtdan çykmagyny “Gyrgyzystanyň abadançylygy, parahatçylykly, durnukly we demokratik ösüşi üçin möhüm ädim” diýip atlandyrdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet Departamentiniň sözçüsi Filip Krowleý hem Gyrgyzystanyň demokratiýa we ýokary ykdysady ösüşe aýak basmagy üçin Birleşen Ştatlaryň onuň bilen hyzmatdaşlyk edip gelendigini belledi: “Biz Gyrgyzystanda demokratik konstitusion prosesiň täzeden ýola düşmegini isleýäris. Biz Gyrgyzystanyň ykdysady taýdan gülläp ösmäge mümkinçiliginiň bolmagyny isleýäris. Biziň hemişe üns berip gelenimiz şu. Biz aýratyn hiç kimiň tarapyny çalamzok”.

Iki demonstrasiýa boldy

Gowuşýan habarlara görä, öňki prezidentiň dogany Ýanuş Bakyýew bilen öňki prezidentiň ogly Maksimiň garşysyna jenaýat işi gozgalypdyr.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Brýus Paniýer häzir Gyrgyzystanda. Ol şu gün Jelalabatda iki demonstrasiýanyň bolandygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu demonstrasiýalaryň birinde Bakyýewiň gaçyp gitmegine ýol berendikleri üçin ýurduň täze ýolbaşçylary ýazgarylypdyr.

“Beýleki demonstrasiýa ýerli häkimiýetleriň garşysyna geçdi. Olaryň bu wezipä belleneni düýnem bolsa, Jelalabatda käbir adamlar Bakyýewiň gaçyp gitmeginde bularyň eliniň bardygyna ynanýarlar. Şol sebäpden adamlar bu wezipä düýn bellenen häkime garşy protest bildirmek üçin ýygnandylar. Olar Bakyýewiň sud edilmezden, ýurdy terk etmegine täze häkim jogapkär diýýärler” diýip, Pannier Jelalabatdan habar berdi.
XS
SM
MD
LG