Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleriniň festiwaly geçiriler


27-nji aprelde Ahal welaýatynyň Gäwers ýaýlasynda dünýä türkmenleriniň «Özgeriş ülkesi - türkmen ýaýlasy» atly halkara festiwaly geçiriler. Dünýä türkmenleriniň bu festiwaly eýýäm Türkmenistanda üçünji gezek geçirilýär.

Däp bolup gelşi ýaly, bu ýyl hem «Özgeriş ülkesi - türkmen ýaýlasy» atly halkara festiwalyna daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen birlikde ýurduň welaýatlaryndan gelen maşgalalar hem gatnaşarlar.

Festiwalyň esasy maksady maşgala temasy bolup, oňa gatnaşyjylar parahatçylygy, dünýäniň halklarynyň dostlugyny, doganlygy folklor çykyşlary bilen wasp ederler.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, Türkmenistanyň Medeniýet we teleradio¬ýaýlymlar ministrliginiň hem-de Ahal welaýatynyň häkimliginiň bilelikde guramagynda Gäwers ýaýlasynda geçirilýän bu feswiwala her ýyl uly ähmiýet berilýär.

Festiwalyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, hormatly ýaşu¬lular, ýurduň iri jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik korpusyň, ýokary okuw mek¬depleriniň, habar beriş serişdele¬riniň ýolbaşçylary hem-de wekil¬leri, meşhur medeniýet işgärleri, paýtagty¬ň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşmaga barýarlar.

Bu ýylky geçiriljek dünýä türkmenleriniň festiwalynyň tutumynyň has uly bolmaklygyna garaşylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow bir aý mundan öň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wise-prezidenti Annagurban Aşyrowa «Özgeriş ülkesi - türkmen ýaýlasy» atly festiwalyň guramaçylyk işleriniň pes derejede barýandygyny üçin berk tankyt edipdi we aýdylan belliklerden dogry netije çykarmagy oňa tabşyrypdy.

Şu günler «Özgeriş ülkesi - türkmen ýaýlasy» atly festiwala taýýarlyk işleri güýçli depginde barýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG