Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gowaça ekişi geçirilýär


Şu günler Türkemnistanyň ähli welaýatlarynda täze hasyl üçin gowaça ekişi güýçli depgin bilen alnyp barylýar. Bu ýyl ekin meýdanlarynyň 550 müň gektaryna gowaça ekiler.

Resmi maglumatlarda beýan edilişine görä, şu ýyl pagtaçylaryň döwlete tabşyrmaly plany 1 million 50 müň tonna diýlip bellenilýär. Saparmyrat Nyýazowyň döwründäki döwlet plany bilen deňeşdireniňde bu ýylky bellenilen pagta plany iki essedenem azdyr.

2006-njy ýyla çenli Türkmenistanda döwlete pagta tabşyrmak plany 2 million 200 müň tonnady. Ýöne welaýat häkimleri tarapyndan näçe artdyrylyp ýazylmalara ýol berlen bolsa-da, Nyýazowyň prezidentlik eden soňky on ýylynyň dowamynda Türkmenistan boýunça pagta plany dolmandy. Sebäbi döwletiň pagtaçylaryň öňünde goýýan borçnamasy olar üçin amala aşyryp bolmajak zatdy.

2007-nji ýylda ýurduň prezidentligine saýlanan Gurbanguly Berdimuhammedow pagta hem-de galla meselesindäki artdyrylyp hasabat bermeleriň nädogrudygyny aýtdy hem-de bu babatda ilat köpçüligine dogry maglumatyň berilmelidigini mälim etdi.

Prezidentiň bu sözlerinden soň, galla planynyň ýygnalyşy hakynda köpçülige resmi taýdan dogry maglumatlar berildi. Eger 2006-njy ýylda Türkmenistanda 3 ýarym million tonna galla ýygnaldy diýlip, şowhun edilen bolsa, onda 2007-nji ýylda Türkmenistanda 1 million tonna gallanyň ýygnalandygy barada resmi maglumat berildi.

Pagta boýunça döwlete tabşyrylmaly planyň şu ýyl 1 million 50 müň tonna diýlip bellenilmegi Türkmenistanda «ak altyny» hakykat ýüzünde näçerek öndürip bolýandygyndan anyk habar berýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG