Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda iki hollanda esgeri öldürildi


Owganystandaky NATO goşunlarynyň hatarynda gulluk edýän holland esgerleriniň ikisi ýol ýakasynda goýlan bombanyň pidasy boldy.

Hollandiýanyň Goranmak ministrligi esgerleriň Uruzgan welaýatyndaky Tabar çykyş postunyň golaýynda öýden ýasalan bombada wepat bolandygyny aýtdy.

Partlama netijesinde ýene bir esger ýaradar bolupdyr.

Owganystanda 1600 çemesi holland esgeri gulluk edýär. Olaryň missiýasy awgustda soňlanmaly.

Owganystandaky goşunlary ol ýerden çykaryp-çykarmazlyk baradaky oňuşmazlyk fewral aýynda hollandan hökümetiniň dargamagyna getiripdi.
XS
SM
MD
LG