Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistan partlamasynda azyndan 7 adam öldi


Ýekşenbe güni Päkistanyň demirgazygynda bolan ulag partlamasynda azyndan 7 adam ölüp, 32 adam, şol sanda 9 polisiýa işgäri ýaralandy.

Polis resmileri bombaçynyň partlaýjyly maşynyny Kohatdaky Belli Taň polis stansiýasyna sürendigini aýdýarlar.

Kohatyň polisiýa başlygy Dilawar Han Bangaş Maşal radiosyna nyşananyň polisiýa stansiýasy bolandygyny aýtdy. Emma ol garşydan gelýän maşyn bilen çakyşyp, stansiýa ýetmän partlapdyr.

Bangaş öldürilenleriň hemmesiniň graždan ilatdandygyny aýtdy.

Bu Kohatda iki günde bolan ikinji hüjümdir.
XS
SM
MD
LG