Sepleriň elýeterliligi

Malaýziýa eýranly neşe gaçakçylaryny tutdy


Malaýziýanyň aeroport resmileri eýranly polis ofiserini we iki sportsmeni tutandyklaryny, olaryň Malaýziýa 300 müň dollarlyk neşe maddasyny geçirmäge synanandygyny aýdýar.

Ýerli metbugat ol adamlaryň şenbe güni Eýranyň uçary bilen gelendigini we olaryň goşunyň içinden demir gaba salnan 4 kg (methamphetamine) bikanun neşe maddasynyň çykandygyny ýazýar.

Eger günäli tapylsalar, 36 ýaşly polis ofiseri, woleýbolçy, harby sungat sportsmeni neşe gaçakçylygy üçin hökmany ölüm jezasyny alar.

Malaýziýada ýanwar aýyndan bäri 40-dan gowrak eýranly neşe gaçakçylygynda tutuldy.
XS
SM
MD
LG