Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran tanymal kinoçyny türmä basdy


Eýranyň reformaçy «Şark» gazeti ýekşenbe gübu tanymal kinoçy, žurnalist we blogçy Mohammad Nurizadyň 3.5 ýyl türm tussaglygyna we 50 dürre urmak jezasyna höküm edilendigini habar berdi.

Nurizad dawaly iýun saýlawlarynydan soň hökümetiň protestçileri basyp ýatyryşyna garşy Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýä üç sany açyk çap edenden soň, dekabr aýynda tussag edildi.

Human Rights Watch saýlawdan soňky köçe protestleri mahalynda Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 30 adamy öldürendigini, müňlerçe adamy bolsa tussag edendigini aýdýar.

Eýranda saýlaw wakalary sebäpli 100-den gowrak adam sud edildi.
XS
SM
MD
LG