Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pop katolik ybadathanasy günäden «ýaralandy» diýýär


Pop Benedikt Rim ruhanylaryň jynsy eden-etdiligi sebäpli turan galmagal tolkunynyň Ýewropada we Birleşen Ştatlarda buthana uran zarbasyny nazara alyp, Katolik ybadathanasy günä bilen «ýaralandy» diýdi.

Pop bu sözleri şenbe güni Malta şäherine gelende aýtdy. Bu onuň ruhanylaryň jynsy zorluklary barada galmagallaryň soňky tapgyrlary turaly bäri ilkinji daşary ýurt saparydyr.

Maltanyň prezidenti Jorj Abela popy garşy alyş dabarasynda ruhanylaryň jynsy zorlugyny göz oňünde tutup, adalatyň berkarar bolany görünmelidir diýdi.
XS
SM
MD
LG