Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Asuda ýurtda 100 müňlük hukuk goraýjy kime gerek?


Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowam, häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowam Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýa-da, diýeli, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşlarynda ýurtda asudalygyň höküm sürýändigini, agyr jenaýat edýänleriň we guramaçylykly jenaýat toparlarynyň ýoklugyny, umuman aýdanyňda, jenaýatçylygyň derejesiniň ýylyň-ýylyna pese düşýändigini tekrarlap geldiler. Bu hakykatdanam şeýle.

Beýleki postsowet döwletleri bilen deňeşdireniňde Türkmenistan jenaýatçylyk babatynda asuda jenneti mekany ýadyňa salýar. Biziň ýurdumyzda, GDA girýän ýurtlaryň käbirlerindäki ýaly, eli ýaragly jenaýatçylykly toparlaram, ýörite buýruk boýunça adam öldürýän killerlerem ýok, göze dürtülip duran mafiýanyň alamatlaram ýok.

2008-nji ýylyň sentýabr aýynyň başlarynda Aşgabadyň Hitrowka diýen ýerinde bolan ok atyşyk diýäýmeseň, paýtagtda-da, welaýat we etrap merkezlerinde-de ýönekeý aw tüpeňiňem sesi çykanok. Soňky iki ýylda döredilen neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barýan Döwlet gullugy hem ýurtda neşekeşlik bilen bagly bolan jenaýatçylaryň aglaba bölegini gözenegiň aňyrsyndan seretdirdi. Häzirki wagtda obalarda, etrap şäherçelerinde we welaýat merkezlerinde geçirilen operatiw-gözleg işleriniň netijesinde neşe satýanlaram ganymat kemeldi, ogurlyk edýän neşekeşlerem seýreklenip, ýok boldy diýen ýaly.

Umumy jenaýatçylygyň şeýle pes derejä düşen halatynda, tutuşlygyna alanyňda, ýurduň asuda durmuşda ýaşaýan mahalynda Içeri işler we Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň, prokuraturanyň we beýleki hukuk goraýjy edaralarň soňky 20 ýylyň içinde çakdanaşa çişirilen ştatlary birhili akyla sygmajak, logika ters geljek zat bolup görünýär.

Polisiýanyň we Milli howpsuzlyk ministrligiň şahsy düzümi ömrüniň ahyrynda öz kölegesinden gorkup başlan S.Nyýazowyň hökmürowanlyk eden ýyllary täze işgärler bilen üsti dolundy. Beýleki pudaklara gyrgyn ýaly bolup gelen «azaltma» atly ştat işden kowuşlyk hukuk goraýjy edaralaryň deňesindenem geçmedi. Netijede ýurtda harby eşik geýip, jemgyetçilik tertip-düzgüni we Milli howpsuzlygy üpjün edýänleriň sany şeýle bir köpeldi welin, hatda käteler öz-özüňe: «Bäh, biz harby huntanyň höküm sürýän döwletinde ýaşaýan-a däldiris-dä?» diýen sowaly bereniňi duýman galýaň.

Ýagdaý üýtgemedi


Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet başyna geleli bäri bu ugurda, gynansak-da, ýagdaý üýtgemedi. Gaýta öňküsindenem beter boldy. 2008-nji ýylyň sentýabr aýyndaky bolan ok atyşykdan soň geçirilen Dowlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Berdimuhamedow Goranmak ministrligiň harby institutynyň, Içeri işler ministrliginiň Polisiýa akademiýasynyň üstüne goşmaça ýörite orta bilim berýen polisiýa mekdebini we her bir welaýatda harby mekdepleri açmaklygy tabşyrdy. Şu ýyl şol aýdylýan ýörite orta polisiýa mekdebine ilkinji talyplaryň kabul edilmegine garaşylýar.

Resmi häkimiýetler tertip-düzgüni we howpsuzlygy üpjün edýänleriň umumy sanyny gizlinlikde saklasalaram, käbir garaşsyz synçylaryň bellemegine görä, häzirki wagtda Turkmenistanyň diňe Içeri işler we Milli howpsuzlyk ministrliklerine tabyn bolan düzümlerde we goşunlarda 100 müňe golaý adam bardygy aýdylýar. Bu san köpmi ýa-da az? Deňeşdirmek üçin başga bir sany getireýin – Goranmak ministrligine we Döwlet serhet gullugyna degişli ýaragly güýçlerde esgerleriň we ofiserleriň sany 60 müňe-de ýetenok. Diýmek, hukuk goraýjy edaralarda aýlyk alýanlaryň umumy sany ýurdy goraýan esgerleriň we serhetçileriň sanyndan iki essä golaý köp. Ýurt, prezident aýtmyşlaýyn, asuda bolýan bolsa, onda şonça köp sanly polisiýa we howpsuzlyk gullugynyň işgärlerini saklamaga nähili zerurlyk barka?

Ýaňy-ýakynda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew öz ýurdunyň Içeri işler ministrliginde reforma geçirjekdigini, ondaky bar bolan şahsy düzümi 20% kemeltjekdigini aýtdy. Eger Orsýet ýaly kriminalyň ösen ýurdunda milisiýa işgärleriniň sanyny 20% azaldýan bolsalar, onda Turkmenistan ýaly jenaýatçylyk babatda asuda ýurtda san taýdan köpelip giden polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgerlerini 50 %-e çenli arkaýyn zaladyp bolar.

Şeýle edilen ýagdaýynda polisiýanyň, howpsuzlyk gullugynyň işiniň netijeliligem artar, olara sarp edilýän çykdajylaram ep-esli azalar, raýatlar hem özlerini iň bärkisi harby huntanyň höküm sürýän döwletinde ýaşaýan ýaly duýmazlar.

Şatlyk Öwezow daşoguzly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG