Sepleriň elýeterliligi

Tähranda ýadro konferensiýasy öz işini tamamlady


Tähranda ýadro energiýasyny peýdalanmak boýunça iki günlük halkara konferensiýa öz işini tamamlady.

Duşuşygyň soňunda deklarasiýa kabul edilip, dokumentde ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk baradaky şertnama gol çeken ýurtlaryň parahatçylykly maksatlar üçin ýadro işläp taýýarlamaga hukugynyň bardygyny ykrar etmäge dünýä jemgyýetçiligi çagyrylýar.

Dokumentiň tekstini BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Muna ýollamak planlaşdyrylýar.

Konferensiýa Yrakdan, Siriýadan, Liwandan, Ermenistandan, Orsyetden, Hytaýdan we ýene ençeme ýurtdan delegasiýalar gatnaşdy.

Eýranyň daşary işler ministri Manuçer Mottaki Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly gapma-garşylygy çözmäge synanyşyk üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary bilen ýakyn günlerde Tähranyň konsultasiýalar geçirmekçidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG