Sepleriň elýeterliligi

Yrakda Amerikanyň harby wertolýoty heläkçilige uçrady


Yragyň demirgazygynda Amerikanyň harby wertolýoty heläkçilige uçrady.

Komandowaniýäniň maglumatyna görä, ABŞ-nyň bir harby gullukçysy heläk bolup, üçüsi ýaralanypdyr.

Wertolýot şenbe güni agşam ýere gaçdy. Söweşijiler tarapyndan oka tutulandyr diýmäge esasyň ýokdugyny derňewler äşgär etdi.

2003-nji ýylyň martynda Yrakda harby operasiýalar başlanaly bäri 4391 amerikan harbysy bu ýurtda heläk boldy.
XS
SM
MD
LG