Sepleriň elýeterliligi

Polşada prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Moskwa barar


Polşada prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Bronislaw Komorowskiý Beýik watançylyk urşunda ýeňşiň 65 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyga gatnaşmak üçin 9-njy maýda Moskwa barar.

Ony Orsyýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew çagyrdy.

Polşanyň RAR agentliginiň maglumatyna görä, çakylygyň kabul edilendigini Komarowskiniň wekili aýdypdyr.

10-njy aprelde Smolenskiniň eteginde uçar betbagtçylygynda prezident Leh Kaçinskiý hem ýene 95 adam heläk bolandan soň Bronislaw Komarowskiý prezidentiň ygtyýarlyklaryny alypdy.

Leh Kaçinskiý hem onuň aýaly Mariýa düýn Krakowda Wawel galasynda jaýlandy. Şol ýerde patyşalar hem Polşanyň milli gahrymanlary ýatyr.

Prezidenti hem onuň aýalyny soňky ýoluna ugratmaga ýüz müň gowrak adam gatnaşdy. Ýas dabarasyna ençeme döwletiň baştutanlary, şol sanda Orsyetiň lideri gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG